SPORT

Bundesliganyň iň gowy oýunçysy

“Bawariýa” toparynyň polýak hüjümçisi Robert Lewandowski Germaniýanyň futbol çempionatynda iň gowy oýunçy hökmünde ykrar edildi. Şu ýylyň 16-njy iýunynda Bawariýa topary yzly-yzyna sekizinji gezek Germaniýanyň futbol çempiony bolmagy başardy

“AZERTAC” habar gullugynyň habar bermegine görä, şenbe güni tamamlanjak çempionatyň şu möwsüminde “Bawariýa” hüjümçisi Robert Lewandowski 33 pökgi geçirip, dört asist bermegi başarypdyr. Şeýlelikde Lewandowski Germaniýanyň futbol çempionatynda iň köp gol salan oýunçylaryň sanawynda birinji orny eýelemegi başardy. Şeýlelik bilen 32 ýaşly Robert Lewandowski çempionatyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Möwsümiň iň oňat oýunçylarynyň sanawynda ikinji orna “Borussiýa Dortmund” toparynyň iňlis ýarymgoragçysy Jeýdon Sanço (17 gol, 16 asist), üçünji orna “Baýern Lewerkuzen” toparynyň ýarymgoragçysy Kaý Hawers (12 gol, alty asist) mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

59 ýyllyk rekord bilen finala çykdy

“Real Madrid” 18-nji gezek Çempionlar ligasynyň finalynda oýnar

“Borussiýa” 3-nji gezek Çempionlar ligasynda finala çykdy

“Sporting” topary 20-nji gezek Portugaliýanyň çempiony boldy

“Baýer” topary 61 ýyllyk rekordy gaýtalady

Arda Gülerli “Real Madrid” Ispaniýanyň çempiony boldy