No menu items!
8.9 C
Istanbul
09/07/2020 5:14
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça çagalary okuwa kabul edýär:

  1. Ýörite fortepiano. Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 7 ýaşyny dolduran we 8, 9 ýaşan çagalar.
  2. Kirişli saz gurallary (skripka). Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 7 ýaşyny dolduran we 8, 9 ýaşan çagalar.
  3. Halk saz gurallary (akkordeon). Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar.
  4. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (klarnet, fleýta, dep). Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar.
  5. Milli saz gurallary (dutar). Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar.
  6. Çeperçilik (nakgaş). Bu hünär ugurlaryna çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 12 ýaşyny dolduran we 13, 14 ýaşan çagalar.

Resminamalar 2020-nji ýylyň maý aýynyň 26-syndan iýun aýynyň 6-sy aralygynda kabul edilýär.

Giriş synaglary 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 7-sinden 11-i aralygynda okuwa kabul edişlik synaglary geçirilýär.

Gerekli resminamalar:

  1. Mekdep direktorynyň adyna ýazylan arza.
  2. Okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy.
  3. Okuwçynyň 3×4 ölçegdäki fotosuraty (6 sany).
  4. Okuwçynyň saglygy barada kepilnama.
  5. Okuwçynyň okaýan umumybilim berýän orta mekdebinden kepilnama we häsiýetnama.
  6. Çaganyň ata-enesiniň ýaşaýan ýerinden berlen kepilnama.
  7. Çaganyň ata-enesiniň işleýän ýerlerinden aýlyk haky barada berlen kepilnama.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etrabynyň Bitaraplyk köçesiniň 2-nji jaýy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi. Telefon belgilerimiz: 60-46-60, 24-52-74.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Telekeçiler : Nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmek

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi web saýtynda neşir edilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2020-nji 18-nji iýunyndaky 162-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi...

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň...

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“LG”-den üýtgeşik telefon

«LG» kompaniýasy ilkinji üýtgeşik smartfonyny öndürmäge taýýarlaýar. Muňa “B Taslama” diýlip atlandyryldy we habar berlişi ýaly kiçi göwrümli prototipiň önümçiligi eýýäm başlandy. Ilkinji tapgyrda...

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Oba ho­ja­ly­gy­nyň me­ha­ni­za­si­ýa­sy. Ag­ro­nom­çy­lyk. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy....

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...

«7/24» birinji ýarymyň nusgalyk düzümini düzdi

Futbol çempionatlarynda bir tapgyryň, aýlawyň, birinji ýarymyň ýa-da tutuş möwsümiň nusgalyk düzümini düzmek dünýäde öňden bäri ulanylyp gelinýän tejribe. Bu tejribä eýerip, «Türkmenistan Sport»...