BIZNES

Halkara bäsleşigiň möhleti uzadyldy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde beýikligi 300 metr bolan binanyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde bellenilip geçilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Owganystan Türkmenistana mermer we armatura eksport eder

Owganystan goňşy ýurtlardan elektrik energiýasynyň importyny artdyrar

Türkmenistan bilen Owganystan TOPH taslamasy üçin iş toparyny döreder

“EKSPO-2025” sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilionynyň dizaýnyny hödürledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Owganystan 10 şertnama gol çekişdi

Daşkentdäki halkara maýa goýum forumy: 26,6 milliardlyk şertnama baglaşyldy