SIZDEN GELENLER

Greýfrut miwesi

Greýfrut ilkinji gezek Barbados adasynda ösdürilip ýetişdirilen sitrus miwesidir. Greýfrutyň düzüminde witaminler (A, B2, P, C) minerallar we mikroelementler bar. Miwäniň iýilýän bölegi süýüm çeşmesidir. Şonuň üçin greýfrutyň iýmitde ulanylmagy tutuş bedeniň saglygyny gowulaşdyrar. Hemişe gök öwüsýän agajyň beýikligi 15 metre ýetýär. Bişen miwäniň diametri takmynan 15 santimetr.  Bu sitrus miwesiniň 100 gr kaloriýa mukdary 29-35 kkal. Kilokaloriýalarda bu deňsizlik, greýfrutyň dürlüligi we ýetişmegi bilen baglanyşyklydyr. Kaloriniň iň pes mukdary sary miwesinde bolýar. Greýfrut hasyly bir ýyl töweregi ýetişenden soň fewral aýynyň başynda başlaýar. Dünýäde gabygyň reňki bilen tapawutlanýan 20-den gowrak görnüşi bar: sarydan açyk gyzyl reňkde.

Greýfrut adam bedenine peýdasy:

Gan damarlarynyň diwarlary güýçlenýär, çeýeligi ýokarlanýar we ýürek has gowy işlär. Greýfrutda gan basyşynyň derejesini gözegçilikde saklamaga kömek edýän kaliý bar. Mundan başga-da, bedende ýokary gan basyşy bolan adamlaryň köpüsinde kaliý az.

Immunitet ýokarlanýar. Sowuk möwsüminde greýfrut iýmek gowy.

Beýniniň işlemegi we gan basyşynyň derejesi durnuklaşýar.

Dişler üçin peýdalar. Iýmitde greýpfrut iýmek dişleriňizi we diş etleriňizi has güýçli we sagdyn edýär, şonuň üçin diş keselleriniň öňüni almak üçin iýip bolýar.

Böwrekde emele gelýän daşlaryndan goramak.

 

 

Meredowa Mahym,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

 

“Sputnik V”: Argentinada öndürildi

 

 

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýşyň döwrebap ösüşleri

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň täze menzilleri

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

Kerri uýa- 4-nji bölüm

Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur