SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V”: Argentinada öndürildi

Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda Argentina “COVID-19” garşy Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny öndürip başlady. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy (RDIF) we Argentinanyň  “Laboratorios Richmond SACIF” derman kärhanasy habar berýär.

sanjymyň ilkinji tapgyry hil gözegçiligi üçin “Sputnik V” döredijisine, Russiýanyň epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg institutyna iberiler. Soňra doly güýjündäki önümçilige iýun aýynda girişmek göz öňünde tutulýar.

Argentinada öndürilen sanjym Merkezi we Latyn Amerikasyndaky ýurtlara eksport edilip bilner.

Häzirki wagtda “Sputnik V” jemi 3 milliard ilaty bilen dünýäniň 60 ýurdunda hasaba alyndy. Sanjymyň täsirliliginiň 97,6% deňdigi mälim edildi.

Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny öndüren Gamaleýa institutynyň ýolbaşçysy Aleksandr Ginsburg sanjymyň koronawirus ýokanjynyň Beýik Britaniýa, Günorta Afrika we Braziliýa ştamlaryna garşy täsir edýändigini aýtdy. Ol bu sanjymy tutuş dünýäde 10-11 million adamyň alandygyny belledi.

33 ýyldan soňra

 

Related posts

Türkmenistanyň habarçylarynyň Türkiýä syýahatçylyk sapary

Ata Watan Eserleri

16 aýdan soňra koronawirusdan halas boldy

Ýerli ýolagçy gatnawynyň täze tertibi

Ata Watan Eserleri