BIZNES

Dünýäniň iň iri nebitgaz ýatagy özleşdiriler

Dünýäniň iň iri tebigy gaz ýatagynyň özleşdirilmegine Italiýanyň kompaniýasy hem gatnaşýar. “Eni” kompaniýasy Katardaky “North Field East” tebigy gaz ýatagynda suwuklandyrylan gaz önümçilik taslamasynda orun aldy. Taslamanyň bahasy 28 milliard dollara deňdir.

Bu taslamanyň çäklerinde ilkinji önümçiligi 2025-nji ýylda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bilelikdäki kärhanada “Eni” kompaniýasyna 25 göterim degişli bolar.

Kompaniýanyň baş dolandyryjsy Klaudio Deskalsi Italiýanyň energiýa serişdelerine bolan islegini diwersifikasiýa ýoly bilen kanagatlandyrmak üçin tagalla edilýändigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu taslama gatnaşmak italýan kompaniýasyna Ýakyn Gündogar bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek eder.

Geçen hepde bu taslama Fransiýanyň “TotalEnergy” kompaniýasy hem goşuldy. Bu taslama Kataryň suwuklandyrylan gaz eksportuny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Ol hem häzirki ýyllyk 77 million tonna bolan eksporty 110 million tonna çykarmaga şert döreder.

 

Boks boýunça dünýä rekordy

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär