SIZDEN GELENLER

Ähli zadyň sakasy saglyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Halkymyzda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär.

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar adamyň bedeninde madda çalşygyny kadalaşdyrýar, güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup durýar. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem gowrak bölüp çykarýar. Adamyň bedeninde suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly we gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da peýdalydyr.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmek has talabalaýyk hasaplanýar.
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda döwlet syýasaty tarapyndan ileri sürlen esasy ugurlaryň biri ynsan saglygyna gönükdirilen meselelerdir. Bu babatda ýurdumyzyň paýtagtynda — Aziýanyň merjen şäheri Aşgabatda we welaýatlarda, etraplarda ynsan saglygynyň goragyna gönükdirilen tagallalaryň netijesinde kemala gelen desgalaryň sanasaň sogaby bardyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup ulanylmaga berlen häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler bilen bir hatarda lukmançylyk we sagaldyş-şypahana ugurly dürli edaralar bu durmuşy hakykata aýdyň mysaldyr. Diňe bir soňky ýyllarda welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Gojaman Hazaryň kenarynda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky saglyk üçin ähmiýetli zerurlyklar bilen üpjün edilen dynç alyş merkezleriniň özi ynsan saglygyna berilýän ünsüň örän ýokary derejesinden habar berýär.
Umuman, saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen peşgeşidir. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmagymyz, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik etmegimiz zerurdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmastan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir.
Muhammetnazar Nurnazarow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa