SIZDEN GELENLER

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakda bimöçber aladalar edilýär. Bu ugurdaky tagallalar güneşli diýarymyzyň gözel künjeklerinde gurlan we üstünlikli hereket edýän döwrebap şypahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş merkezleriniň işlerinde aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa we beýleki milli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär. Germaniýanyň «B. Braun» kompaniýasynyň iň täze önümleriniň biri bolan gemodializ — “emeli böwrek” enjamlary bedenden daşardaky şertlerde gany arassalamaga niýetlenip, ol häzirki wagtda mälim bolan dializ usuly arkaly bejerginiň islendik görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalaryň has netijeli bejerilmegini üpjün edip, olaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga şert döredýär.

Häzirki günlerde şeýle enjamlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna sowgat berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy, çagalaryň bagtly geljegi ugrunda edilýän giň tagallalaryň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalaryň, milli we döwlet maksatnamalaryň tutuş toplumynyň kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy», «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar.

Tomus paslynyň gelmegi bilen, raýatlaryň aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, saglygyny berkitmek üçin şypahanalary saýlaýar. Şonuň bilen baglylykda, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we sypahanalaryň mähellesi barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus möwsümi üçin olarda ýokary taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, sagaldyş merkezlerinde we şypahanalarda, şol sanda Awazada türkmenistanlylaryň ýokary hilli dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi.

Häzirki tomus dynç alyş möwsüminde «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz», «Berzeňňi» ýaly şypahanalarda ildeşlerimize saglygyny dikeltmek we bejertmek üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler göwnüňi göterýär. Ilatyň jan saglygyny berkitmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Amantäç Berdihanowa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Operatiw hirurgiýa we topagrafik anatomiýa kafedrasynyň uly mugallymy

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr