SIZDEN GELENLER

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkyň kalbynyň owazydyr, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy bolsa tapylgysyz hazynasydyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, aýdyň ýoly salgy berýär. Akyldar şahyrymyzyň setirleri nakyla öwrülip, halkyň arasynda giňden ýaýrandyr.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýeti, ylym-bilimi ösdürmek we kämilleşdirmek babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda hem ylym-bilimi kämilleşdirmek bilen bagly paýhasly setirler görnükli orun tutýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, akyldar şahyrymyzyň eserleri ähli döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede baýram edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň bolsa dana Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Çünki söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan edebi mirasy umumadamzat gymmatlygydyr.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy köp sanly beýik şahsyýetler bilen deňelýär. Olaryň biri hem beýik rus şahyry A.S. Puşkindir. Magtymguly Pyragy we Aleksandr Puşkin. Iki sany beýik şahyr hem adatdan daşary çuňňur we nusgawy akyldarlar… Olaryň hersi aýry-aýry döwürlerde ýaşap, dürli dilde gürläpdirler. Ýöne muňa garamazdan, milli öwüşginleri we dünýägaraýşy bilen tapawutlanýan ajaýyp eserleri döredipdirler. Hakykatdan-da, öz döwrüniň beýik şahsyýetleri bolan iki şahyr hem döredijiliginde geçmişiň şan-şöhratly taryhyny saklap, şu güni täsirli beýan edipler. Her bir nesil üçin Magtymguly Pyragy bilen Aleksandr Puşkiniň ebedi mirasy ruhy päklenmäniň we ahlak taýdan galkynmagyň çeşmesine öwrülýär.

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýun – köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni hökmünde bellenilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri – BMG-de alty resmi diller bolan : iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleriniň deňhukuklylygyny goldamakdyr.

ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Ene diliň halkara gününiň öň ýanynda Jemgyýetçilik habarlary departamenti (häzirki Ählumumy kommunikasiýalar departamenti) Diller günlerini geçirmek barada karar kabul etdi.

BMG-de Diller günleriniň geçirilmeginiň maksady Guramanyň işgärleriniň arasynda BMG-niň resmi dilleriniň altysynyň her biriniň taryhy, medeniýeti we ösüşi barada habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.

Medeni çäreler aýdym-sazlary we edebi eserleriň ýerine ýetirilmegini, bäsleşikleri, sergileri, estrada tomaşalaryny we medeniýet işgärleriniň çykyşlaryny, Milli tagamlar günlerini we folklor toparlarynyň çykyşlaryny, kinofilmleriň görkezilişini we BMG-niň resmi dilleriniň birini öwrenmek isleýänler üçin guralýan ekspress-sapaklary öz içine alýar.

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň edebi döredijiligi gymmatlydyr. Onuň eserleri dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Türkmenistan döwletimizde daşary ýurt dillerini, şol sanda milletara gepleşik dili bolan rus dilini öwrenmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda A.S.Puşkiniň ýagty ýadygärligine we döredijiligine uly sarpa goýulýar. Ýurtda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy bilim berýän mekdep, döwlet rus drama teatry bar. Aşgabatda şahyryň adyny göterýän köçede Puşkiniň ýadygärligi oturdyldy. Rus dili türkmen mekdepleriniň ählisinde hökmany okadylýan dildir.

Ata Watanymyzda rus dilinde gazetler we žurnallar, şol sanda merkezi «Нейтральный Туркменистан» gazeti neşir edilýär. Ýerli teleradioýaýlymlarda rus dilli gepleşikler berilýär. «Türkmenistan» halkara teleýaýlymy 7 dilde, şol sanda rus dilinde gepleşikler berýär. Döwlet neşirýat gullugy hem rus dilinde edebi kitaplarydyr okuw kitaplaryny çykarýar.

Rus dili Türkmensitanyň döwlet-jemgyýetçilik ulgamynda aýratyn orun tutýar. Rus dilli saýtlar we döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň resmi saýtlarynyň, şeýle hem Türkmensitanyň döwlet hyzmatlary portalynyň rus dilli görnüşleri bar.

Aýgül Annameredowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr