JEMGYÝET

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

51 duşuşykdan bäri, ýagny geçen ýylyň maý aýyndan bäri ýeňilmän gelýän Germaniýanyň “Baýer” toparyny UEFA Ýewropa Ligasynyň finalynda 3:0 hasabynda utan Italiýanyň “Atalanta” topary kubogy gazanmagy başardy. Irlandiýanyň Dublin şäherinde geçirilen final duşuşygy köp sanly janköýerleri özüne çekdi.

LUKMAN TARYHA GIRDI

Italýan toparynyň düzüminde 3 gol geçiren afrikaly futbolçy Ademola Lukman UEFA-nyň taryhyna öz adyna ýazdyrdy. Ol final duşuşykda 3 gol geçirip, het-trik eden ilkinji afrikaly futbolçy boldy. Şol bir wagtda nigeriýaly futbolçy UEFA Ýewropa Ligasynyň final duşuşygynda 3 gol geçiren ilkinji futbolçy hem bolmagy başardy.

GASPERINI ILKINJI KUBOGYNY GAZANDY

2016-njy ýylda Italiýanyň “Atalanta” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenen Piero Gaperininiň şägirtleri “Atalanta” topary UEFa Ýewropa Ligasynda üstünlikli çykyş edip, kubogy gazanmagy başardy. 66 ýaşyndaky Gasperini tälimçilik karýerasynda ilkinji gezek Ýewropa möçberindäki ýaryşda kubok gazanmagy başardy. Şeýle hem ol bu kubogy gazanan iň garry tälimçileriň biri boldy.

ITALIÝANYŇ TOPARLARY ÝEWROPA LIGASYNYŇ KUBOGYNY 10-NJY GEZEK GAZANDY

“Atalanta” toparynyň kubogy gazanmagy bilen italýan toparlary UEFA Ýewropa Ligasynyň kubogyny 10-njy gezek gazandy. Şeýlelikde italiýaly toparlar kubogy iň köp gazanan ýurtlaryň sanawynda ikinji orny eýeledi. Birinji orunda Ispaniýa bolup, ispan toparlary 14 kubok gazandy. Üçünji orundaky Angliýanyň toparlary 9 kubok gazanmagy başardy.

51 DUŞUŞYKDAN SOŇRA ÝEŇILDI

Ähli ýaryşlarda 51 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän Germaniýanyň “Baýer” topary 52-nji duşuşygynda ýeňildi. German topary 1963-nji ýylyň dekabry-1965-nji ýylyň fewraly aralygynda 48 duşuşykdan ýeňilmän taryha giren Portugaliýanyň “Benfika” toparynyň rekordyny elinden alyp, utulyşsyz duşuşyklarynyň sanyny 51-e çykarypdy.

Habi Alonsonyň şägirtleri 25-nji maýda Germaniýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda çykyş ederler.

German topary 36 ýyldan soňra ikinji gezek Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşynyň finalyna çykdy, ýöne gynansak-da, kubogy gazanmagy başarmady. Bu topar mundan ozal, 1987-88-nji ýylyň möwsüminde finala çykyň, finalda Ispaniýanyň “Espanýol” toparyndan 3:2 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri