JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Ak şäherim Aşgabat»  atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, işewürler gatnaşdylar.

Forumyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirdi.

Her ýyl geçirilýän gözden geçirilişde ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri tanyşdyrylýar.

Baş şäherimiziň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli sergidäki pawilýonlarda şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inženerçilik-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk, sanly ulgam, syýahatçylyk ýaly ýörite bölümler döredilipdir.

Sergi öz işini iki günläp dowam eder.

 

 

“Moderna”: maýmyn mamasy üçin sanjymy synag edýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Magtymguly Pyragy: Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri açylar

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

Ata Watan Eserleri