SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Moderna”: maýmyn mamasy üçin sanjymy synag edýär

ABŞ-nyň “Moderna” farmasewtika kompaniýasy dünýäde emele gelen ýene-de bir ýokanç kesel bolan maýmyn mamasy üçin sanjymyň klinikadan ozalky synaglaryny geçirýär. Bu barada kompaniýanyň jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

– Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, maýmyn mamasyna garşy göreşmek jemgyýetçilik saglygy üçin ählumumy ähmiýete eýedir. Şonuň üçin biz bu kesele garşy sanjymyň klinikadan ozalky synaglaryny geçirýäris – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Kompaniýanyň sanjymynyň synaglary barada jikme-jik maglumatlar entek doly beýan edilmedi.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bu maýmyn mama keseli bilen baglanyşykly ilkinji wakanyň 7-nji maýda hasaba alnandygyny we häzirki wagtda şeýle wakalaryň 131-siniň ýüze çykandygyny habar berdi. Şeýle hem 106 waka bilen baglanyşykly seljermeler dowam edýär.

Şeýle hem amerikada işlenip düzülen tekowirimat atly wirusa garşy dermen serişdesiniň bu mama keseli üçin amatlydygy bellenildi.

 

25-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy