JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Samarkant sammitinde çykyş etdi

Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde dowam edýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz nobatdaky sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasatda, howpsuzlyk ulgamynda, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, syýasy-diplomatik ulgamda, terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde has ýygjam özara hereketleri ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigine ünsi çekdi.

Şunda ählumumy derejede kanunyň hökmürowanlygyny, ykrar edilen halkara hukuk kadalarydyr ýörelgelerini, BMG-niň Tertipnamasynyň ruhuny goramagyň we üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtap, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlary barada maglumat berdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygynyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamak, Baş Assambleýanyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada barýar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ilerledilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara hereketleri dowam etdirmegiň, şu ugurlarda alnyp barylýan işlere we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň hem gatnaşmagyny gazanmagyň, telekeçileriň yzygiderli aragatnaşygyny ýola goýmak babatda zerur tagallalary etmegiň, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gruzin diline terjime edildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Şu gün 9-njy maý – Ýeňiş güni