SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Türkmenistan ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugurly ýörite uçar gatnawynyň ýene-de birini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna beren maglumatyna görä, şu ýylyň 1-nji maýynda  Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, bu kompaniýa 22-nji aprelde hem  Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar.

Ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri hem kompaniýa bulardan başga-da ýörite gatnawlary meýilleşdirýär. Bular barada hem saýtymyzda habarlary ýerleşdireris. 

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy mart we aprel aýlarynda Türkmenistan ugurly 5-nji gatnawyny amala aşyrar. Bu kompaniýa mart aýynda 3 gatnaw, ýagny-9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar