BIZNES

Suwuklandyrylan gazyň geljekde ykdysadyýetdäki orny

 Lebap welaýatynyň suwuklandyrylan gazyň önümçiligi boýunça kärhanasy ýokary derejeli önümçilik görkezijilerine eýe bolýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende kärhanada şu ýylyň 7 aýynda ösüş depgini 106,8%-e deň bolup, jemi 44 müň tonna golaý önüm öndürildi.

Taýýar önümiň agramly bölegi Naip we Bagaja gaz ojaklaryndan alynýar hem-de eksporta ugradylýar. Şeýle hem eksportyň göwrümi geçen ýyla garanyňda ep-esli derejede artdyryldy.

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň önümçiligi boýunça iň iri önümçilik desgasydyr. Onuň kuwwaty  300 müň tonnadan gowrakdyr. Bu bolsa Türkmenistanda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň umumy möçberiniň üçden iki bölegine barabardyr. Bu ýerde öndürilýän suwuklandyrylan gazyň 200 müň tonnadan gowragy ýokary hilli benziniň we polipropileniň önümçiliginde peýdalanylýar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda suwuklandyrylan gazyň önümçiligi geljegi uly bolan ugurlaryň biri hökmünde öňe saýlanýar. Bu önümiň birnäçe daşary döwletlerde benziniň we dizel ýangyjynyň ornuny tutmagy dünýäde gaza bolan islegiň artmagyna getirýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, Hytaýyň energetika importynyň üçden iki böleginden gowragyny suwuklandyrylan tebigy gaz eýeleýär. Şunda Türkmenistan Hytaýyň esasy import ediji döwleti bolup çykyş edýär.

Britan-nederland nebit-gaz kompaniýasy bolan “Shell” suwuklandyrylan gazyň gazylyp alynmagynyň we eksport edilmeginiň geljegine uly baha berýär. Kompaniýanyň seljerme berijileriniň pikirine esaslanyp, 2020-nji ýylda suwuklandyrylan gaza bolan islegiň 360 million tonna artandygyny aýdyp bolar. Geçen ýylda GDA döwletleri boýunça esasy import edijiler hökmünde Hytaý we Hindistan öňe saýlandy.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2040-njy ýyla çenli suwuklandyrylan gaza bolan isleg 700 million tonna artar. Gaz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde esasy orny eýeleýär. “Shell” kompaniýasy koronowirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan ykdysady pese düşmeleri az uglerodly ätiýaçlyklaryň hasabyna gaýtadan dikeltmegiň başartjakdygyny belleýär. Şeýle hem ol daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň sanynyň azalmagyna we ekologiki taýdan arassa energiýa çeşmesiniň peýdalanylmagyna ýardam eder. Mundan başga-da, 2040-njy ýyla çenli döwürde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşinde gazyň umumy paýynyň 74% göterime deň boljakdygy çaklanylýar.

 

Okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Ýene-de okaň

Owganystan Türkmenistana mermer we armatura eksport eder

Owganystan goňşy ýurtlardan elektrik energiýasynyň importyny artdyrar

Türkmenistan bilen Owganystan TOPH taslamasy üçin iş toparyny döreder

“EKSPO-2025” sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilionynyň dizaýnyny hödürledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Owganystan 10 şertnama gol çekişdi

Daşkentdäki halkara maýa goýum forumy: 26,6 milliardlyk şertnama baglaşyldy