DÜNÝÄ

“Starbucks” Hytaýdaky dükanlaryny täzeden açdy

ABŞ-nyň dünýä belli “Starbucks” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Kewin Jonson Hytaýdaky kofe dükanlarynyň 85 göteriminiň täzeden açylandygyny mälim etdi.

“Starbucks” kompaniýasy Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykyp, dünýäde giň gerime eýe bolan koronawirus sebäpli ilkinji tapgyrda bu ýurtdaky ähli dükanlarynyň ýarysyny, ýagny 4 müňüni ýapypdy. Kompaniýa şol ýapylan dükanlaryň uly bölegini täzeden açdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Kewin Jonson Hytaýda koronawirus wakalarynyň pese gaçýandygy we sebitde bu ugurda ösüşleriň ilkinji alamatlaryna gabat gelinýändigini belläp, bu ýurtdaky kofe satýan dükanlaryny açandyklaryny aýtdy.

Ýene-de okaň

Mihail Mişustin gaýtadan Russiýanyň Premýer-ministri boldy

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan elektrik energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Putin Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy