JEMGYÝET

Şafranly palow iýip gördüňizmi?

Hemmemiziň bilşimiz ýaly, palow köp ýurtlarda taýýarlanýan, esasan hem Gündogar sebitiň döwletlerinde has takygy, Ýakyn Gündogardan Günorta Aziýa, Merkezi Aziýadan Hytaýa çenli uzalyp gidýän sebitiň iň bir naýbaşy tagamlarynyň biridir.

Umuman, tüwüden taýýarlanan tagamlar ýokarda agzalan sebitde has köp taýýarlanýar. Şolaryň biri hem palwodyr. Palowyň gowy ysly hem-de tagamly bolmagy islendik azpeşiň esasy arzuwydyr. Şonuň üçin oňa esasy önümlerden daşary dürli goşundylar hem goşulýar. Goşundylar diýlende, himiki däl-de, tebigy goşundylardan gürrüň barýar. Olaryň biri hem şafrandyr.

ŞAFRANLY PALOW

Şafran dünýäniň iň gymmat tagamydyr. Şafranyň bir kilogramy gaty gymmat bolandygy üçin ol gram möçberinde satylýar. Şafran “ysly zatlaryň şasy” diýlip atlandyrylýar we bu “dereje” ýakymly ysly zatlara mynasypdygyny bellemelidiris.

Dünýäde bu ysly goşundynyň ösümliginiň iň köp ýygnalýan ýeri Eýran Yslam Respublikasydyr. Dünýäde şafran hasylynyň 90 göterimi Eýranda ýygnalýar.

Şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasynda şafran dürli tagamlarda giňden ulanylýar. Ony çaýa hem goşup içilýär. Şeýle hem ol konditer önümlerinde, peýnir hem-de şöhlat önümlerinde giňden peýdalanylýar. Onuň örän az mukdary tagamlara goşulýandygy üçin birnäçe kilogramy köp wagta ýetýär.

Şafranly palow tagamy örän ýakymlylygy hem-de onuň reňkiniň has owadanlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, şafranyň kömegi bilen tüwi gymmatly bolan altynyň reňkä we näzik hoşboý ysa eýe bolýar. Palowa şafrany goşmazdan ozal, ony suwa ýa-da süýde batyrmaly. Ondan emele gelen suwy deň derejede tüwüniň reňk almagy hem-de ys almagy üçin ulanmalydyr.

Eýran Yslam Respublikasynda hem şafranly palow örän meşhurdyr. Şafrandna başga-da bu tagama dürli goşundylar, pisse hem goşulyp, palowyň tagamy has-da baýlaşdyrylýar.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gruzin diline terjime edildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Şu gün 9-njy maý – Ýeňiş güni