SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýadan Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlarynyň täze rejesi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinden Türkmenistan ugruna amala aşyrylýan uçar gatnawlary Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline gonar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, mundan ozal Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugry boýunça satyn alnan biletler öz güýjüni saklaýar.

Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana amala aşyrylýan awiagatnawlaryň täze rejesi şeýle:

1. Moskwa-Aşgabat
а)T5704 – çarşenbe güni uçýan wagty 00:15, gonýan wagty 06:05
б)T5710- anna güni uçýan wagty 10:35, gonýan wagty 16:25

2. Kazan-Aşgabat
а) T5736 – duşenbe güni uçýan wagty 00:35, gonýan wagty 05:50
б) T5738 – perşenbe güni uçýan wagty 11:00, gonýan wagty 16:25

Awiabiletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň “www.turkmenistanairlines.ru” internet sahypasynda, şeýle hem avia@itmgroup.ru elektron poçta salgysyna ýüz tutmak ýa-da +7-812-459-98-99 telefon belgisine jaň etmek arkaly alyp bolar.

Şeýle hem wekilhananyň şu aşakdaky salgylaryndan satyn alyp bolar:

1.Sankt-Peterburg
Aleksandr Newskiý meýdany, 2-nji jaý, “Moskwa” myhmanhanasynyň binasy, 3-nji girelge, 1-nji gat
+7-931-222-12-66
avialed.ticketing@gmail.com
https://vk.ru/public217310341
Duşenbe-Anna 10 – 19

2.Moskwa
“Domodedowo” howa menzili, halkara uçuş zolagy, 49-njy kassa.
+7-903-243-22-50
aviastar2012@mail.ru
Her gün 10 – 19

Pawelskiý wokzaly, 3-nji gat, 35-nji ofis

+7 (915) 109-85-02
Turkmenavia@mail.ru
Hepdäniň dowamynda: 10:00 – 19:00; Dynç günleri: 10:00 – 17:00.

3.Kazan
Kozýa Sloboda, Dekabrtisler köçesi 85-nji jaýy, “Relita”, ikinji gat, 210-njy otag
+7-843-500-55-31
Duşenbe-Anna günleri 09 – 18

Başga gyzyklandyýan ähli maglumatlar üçin şu aşakdaky telefon belgisinden habarlaşmak bolar:

+7-812-459-98-99
avia@itmgroup.ru
Her gün 10 – 19

Ýene-de okaň

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar