SIZDEN GELENLER

Magtymguly-ynsan köňlüniň çyragy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Pä­him-paý­ha­sa eý­le­nen şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gi bi­len dün­ýä ede­bi­ýa­ty­ny hem ede­bi mi­ra­sy­ny baý­laş­dy­ran Magtymguly Pyragynyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si, il­kin­ji no­bat­da, türk­men hal­ky­nyň yk­ba­ly­na da­hyl­ly me­se­le­le­re ses­len­di. Akyldar şahyryň dün­ýe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny, dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki fi­lo­so­fi­ki pi­kir­le­ri­ni, hal­kyň mil­li dün­ýä­ga­raý­şy­nyň ke­ma­la gel­me­gin­dä­ki hyz­ma­ty­ny Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň yl­my na­za­ry­ýe­ti esa­syn­da öw­re­nmek wa­jyp we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­den wa­tan­çy­lyk, ag­zy­bir­lik, ha­lal­lyk ýa­ly oňat hä­si­ýet­ler eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda dürli medeni we edebi çäreleri geçirmek, dürli ýurtlardan akyldaryň eserlerine, türkmen halkynyň milli mirasyna degişli golýazmalary toplamak, şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserlerini neşire taýýarlamak hem-de çap etmek bilen bagly işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmeniň beýik ogluna goýulýan sarpanyň beýany bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýýär. Nesillerde mukaddes Watana, öz milletiňe, adamzada bolan belent häsiýetleri terbiýelemekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini gazanmakda Magtymgulynyň edebi mirasy ägirt uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler şol mirasyň giňden dabaralanmagyna ýardam etmek bilen, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, dost-doganlygyň berkidilmegine hem uly goşantdyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.

Dünýä edebiýatynyň göwher gaşyna deňelýän Magtymgulynyň şygryýet dünýäsine bolan gyzyklanma diýseň uludyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly­nyň mer­te­be­si has-da be­len­de gö­te­ril­di. Bü­tin dün­ýä­de my­na­syp de­re­je­de yk­rar edil­me­gi we sar­pa­lan­ma­gy üçin be­ýik akyl­da­ry­my­zyň ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, eser­le­ri­ni dün­ýä dil­le­rin­de oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek ýo­la go­ýul­dy.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň my­na­syp öw­re­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki gü­ne çen­li şa­hy­ryň ömür ýo­lu­na we dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li en­çe­me gym­mat­ly iş­ler edil­di. Türk­men hal­ky­nyň kal­by­nyň tö­rün­de orun alan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­ni tu­tuş dün­ýä­de ta­nat­ma­gy ba­şa­ran be­ýik türk­men şa­hy­ry­dyr, aly­my­dyr.

Resulberdi Ataýew, TOHU-nyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýşyň döwrebap ösüşleri

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň täze menzilleri

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

Kerri uýa- 4-nji bölüm

Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur