SIZDEN GELENLER

Bananlaryň görnüşleriniň häsiýetnamasy

Dünýäde miweleriň görnüşleriniň köp bolşy ýaly, bananyň hem özboluşly birnäçe görnüşlerine duş gelmek bolýar. Bu ýerde biz size bananyň görnüşleriniň häsiýetlendirmesini hödürleýäris.

Görnüşleriň

 ady

Hasiýetnama
Bedi banan Daşynda sary gabygy, içinde kremli dokumasy bar, şunuň ýaly miweleriň uzynlygy 7-8 sm-den köp däl, ýakymly we örän süýji  tagamy bar.
Ýawa adasynyň mawy banany Adyndan bananyň reňkini derrew kesgiläp bilersiňiz. Mawy gabygy, kiçi göwrümli we özboluşly kremli tagamy bar.
Barro banany Bu miwäniň adaty bolmadyk, inedördül görnüşi bar, gabygy açyk sary. Banan üçin adaty bolmadyk limon tagamy bar.
Kwendiş banany Iň ýaýran görnüşi bolup, miweleriň ululygy 15-25 sm, daşyndaky reňki sary. Şeýle bananlara köplenç dükanlarda gabat gelmek bolýar.
Mansano banany Miweleri gysga we galyň ösýär. Bişensoň, gabygy goňur reňkde bolmaly.
Plantaýn banany Bananyň bu görnüşi çig ulanmak üçin amatly däl. Köplenç Plantaýni buglaýarlar ýa-da gowurýarlar.

 

Şeýle görnüşli ajaýyp tagamly bananlary ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek üçin hazirki wagtda dürli ylmy işler alnyp barylýar. Elbetde, olary dogry alyp barmaklykda esasan bananlaryň hasiýetlerini doly derejede öwrenmek ylym adamlary üçin örän wajyp meseleleriň biridir.

Sapargözel ATAJANOWA,

TOHU-nyň mugallymy.

 

2022-nji ýylda 3 million düýp bag ekiler

Ýene-de okaň

Saglygy goraýşyň döwrebap ösüşleri

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň täze menzilleri

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

Kerri uýa- 4-nji bölüm

Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur