JEMGYÝET

2022-nji üçin maýa goýum maksatnamasy taýýarlanar

2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taýýarlanmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz geljek ýylda ýurdumyzda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny belläp, gurluşyk senagatynyň ösdürilmegine, täze önümhanalaryň hem-de kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek üçin ähli önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işlemegini gazanmak zerurdyr, diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň, aýratynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depgininiň güýçlendirmegiň zerurdygyna üns çekildi.

 

Nebitiň önümçilik mukdarlary artdyrylar

 

Related posts

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä gutlag haty iberildi

Bakanlar Kurulu toplandı: IMF’den Olumlu Not

vepa