JEMGYÝET

“Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow dagylar gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ministrler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary dererjesini nygtap geçdiler. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek

Mejlisiniň barşynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de sebit ýurtlaryna bolan durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Mejlisiň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurtda pandemiýa garşy durmuşa geçirilýän çäreleri bellemek bilen, bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady.  Ministr “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň gatnaşyjylaryna wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenmesiniň dowamynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak hem-de döwletleriň degişli edaralarynyň, ilkinji nobatda saglygy goraýyş ministrlikleriniň we sanitar-epidemiologiki gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlugy” barada aýtdy.

Taraplar Owganystan Yslam Respublikasynda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy, umumymilli raýdaşlygyny parahatçylykly gepleşikler arkaly ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegi hem-de Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegini bermek dogrusynda çykyş edýändigi bellenildi. Taraplar umumy howplar we wehimler boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Bu ugurda umumy kabul edilen kadalaryň we ýörelgeleriň göz öňünde tutulmagy bilen, sebitleýin hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.

Ministrler ýewraziýa zolagynda adyl we özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi bilen bagly meselelere seretdiler. Pandemiaýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.  Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyklygy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Ýewraziýanyň kalby” başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.

Mejlisiň ahyrynda, ministrler bu formatda özarahereketleri dowam etmäge ygrarlydyklaryny nygtamak bilen, hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gruzin diline terjime edildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Şu gün 9-njy maý – Ýeňiş güni