SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Aşgabada 3 sany ýörite uçar gatnawy

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlarynyň 3-sini amala aşyrar.

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 27-nji, 30-njy iýunda we 3-nji iýulda Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky döwürde bu awiakompaniýa 24-nji iýunda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite halkara uçar gatnawyny meýilleşdirýär.

Ozal, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 15 günde bir sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrýan bolsa, indi bolsa, ýörite uçar gatnawlarynyň sanyny ýygjamlaşdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýanyň uçar gatnawlary amala aşyrýan döwründe Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Fuat Oktaýyň hem Türkmenistana resmi sapar amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny bellemek gerek.

Şu gün habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirýär.

 

Türkmenistandan Minsk ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar