DÜNÝÄ

Eýranda 5 gün ýas yglan edildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly ýurtda 5 günlük ýas yglan edildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň Prezidentiniň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.

Eýranyň Beýik ruhy lideriniň bellemegine görä, Eýranyň Prezidentiniň we beýleki jogapkär adamlaryň ýurda we halka hyzmat etmek üçin uly tagalla edendiklerini, Eýranyň gymmatly we wepaly hyzmatkärleri bolandygyny aýtdy.

Ol ýurtda 5 günlük ählumumy ýas yglan edilendigini belläp, ýurduň Konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohberiň täze prezident saýlanýança, ýerini ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk etjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär