SIZDEN GELENLER

Hytaý dili: türki dili bilen fonetik we leksiki meňzeşlik

Halkyň dili diňe bir aragatnaşyk we maglumat ýaýratmak, pikirleri, duýgulary we islegleri aňlatmak üçin serişde bolman, şeýle hem köp taryhy prosesleriň şaýadydyr. Demirgazyk çarwa taýpalarynyň Hytaý bilen gadymy köp asyrlyk aragatnaşygy özara täsirleşýän halklaryň dillerinde we medeniýetinde yz galdyrdy. “Adaty hytaý medeniýetinde türk siwilizasiýasynyň yzlary barada aýtsak, esasan hytaý dilinde türkizmler göze ilýär” – diýip hytaý dilinde türkizmleri jikme-jik öwrenen gazak alymy  Ýasin Kumaruly bu barada “Türki we hytaý dilleriniň arabaglanyşygy” atly kitabynda ýazýar. Ol özüniň uly göwrümli gözleg işinde gadymy hytaý diline türki dilinden geçen ýüzden gowrak aýratyn söz, şeýle hem häzirki zaman hytaý dilinde ulanylýan we bu diliň dürli şiwelerinde saklanyp galan sözler barada jikme-jik derňewini geçirýär. Alymyň pikirine görä, hytaý dilinde türki dili bilen fonetik we leksiki meňzeşligi bolan birnäçe ýüz söz bar. Mundan başga-da, köp halatlarda bu sözleriň gelip çykyşy çarwa durmuşdan gelip çykýandygyny bellesek, bu sözleriň gadymy hytaý diline türki dilinden gelendigini şübhesizdir.

Aždarhanyň şekili Hytaý mifologiýasynda merkezi ýerleriň birini eýeleýär we medeniýetde giňden ulanylýar. Ganatly aždarhanyň şekili ençeme asyrlap Hytaý imperiýa goşunlarynyň baýdaklarynda bardy. Türki * ulung ~ ulug ~ uluw we hytaý “long” (龙) uzyn “aždarha” (mongol dilinde “luw”, kalmyk dilinde “lun”, türkmen dilinde “luw”) genetiki baglanyşygyny diňe semantika nukdaýnazaryndan däl, eýsem köp türk dillerine mahsus fonetik alternatiwalary hem göz öňünde tutup bolýar.

“Aždarha” we “luw” ýylynyň türki we hytaý atlary birmeňzeş bolup, “uluğ” – “uly, ullakan” sözi gadymy türk dilinde “uluğ” sözüniň esasy manysy esasynda ýüze çykypdyr.              Leksiko-semantik meňzeşlikleriň beýleki mysallary:

hytaý dilinde ān «gowy bilmek; başarmak»  türk dilinde  an ‘aň’, an- ‘düşünmek’, gazak dilinde angda- ~ angğar- “düşünmek, aňmak”, türkmen dilinde “aň, aňmak”;

hytaý dilinde bĕn “men; özüm; özi” ~ türki dillerinde ben ~ men “men”;

hytaý dilinde láng ‘ýaş oglan’ (young man) – türki dillerinde oğlan ~ ulan ‘ýaş oglan’;

hytaý dilinde wăng ‘gitmek’ (to go forward) – türki dillerinde. ağ- ~ aq- ‘akmak’ ~ yağ- ‘ýagmak (atmosfera ygallary barada)’;

hytaý dilinde tian ‘asman’ ~ türki dillerinde tängri ‘asman; Hudaý’, tanglay ‘taňlaý’ (türki dillerindäki täng- ~ döng- dürli fonetiki görnüşlerde tegelek, aýlanma pikiri aňladýarlar).

Aşakdaky mysallarda semantik meňzeşlikleriň barlygy şübhesizdir:

hytaý dilinde dan ‘ýumurtga’ ~ türki dillerinde dan / dän ‘tohum, däne’. Şu ýerde özbek dilinde tuhum ‘ýumurtga’, gazak dilinde tuqım ‘tohum; nesil; tohum-tiç’, türkmen dilinde tohum, däne düşünjeleriň meňzeşligini belläp geçmeli.

Türkmen, özbek, gazak dilleriniň mysalynda şol bir türki sözüniň fonetik görnüşleriniň onuň ilkinji köpmanylygynyň esasynda ahyrky söz bilen aňladylýan ýakyn manylaryň birini saklap, aýry-aýry söz birliklerine öwrülmegini görkezýär:Ine, aşakdaky leksiki (sözlük) meňzeşlikler:

Hytaý dilinde dàn ‘ir, säher, daň’ ~ türki dillerinde tang ‘daň’, kumyk dilinde dang, türk dilinde dan, türkmen dilinde daň.

Bu makalada getirilen mysallar hytaý dilinde türkizmleriň leksik giňişliginiň diňe az bölegini görkezýär. Alynma sözleriň köp bölegi, şübhesiz, diliň ösmeginiň esasynda arhaizm kategoriýasyna geçdi we häzirki zaman sözlüklerde berilmeýär; käbir sözler diňe ýerli gepleşik (prowinsializm) hökmünde ulanylyp bilner. Türkizmlary öwrenmek türkologiýa we sinologiýada geljegi uly ugurlaryň biridir.

Agagül Amirkulowa.

Hytaý dilini öwreniji, Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň  hytaý dili mugallymy

Hytaý: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa