SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

22-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  22-nji   maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Topardan, jemgyýetçilikden gaty daşlaşmaň. Özüňizi haýsydyr bir tarapdan tapawutlandyrmak isleseňiz, howlukmaň, häzir muny edip bilmersiňiz. Dowamly keseliň güýçlenmegi mümkindir. Gaty fiziki zähmet we artykmaç aladaçyllyk maslahat berilmeýär. Dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşykda rahatlyk taparsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

 Öňki günleriň kynçylyklaryny ýeňip geçmegiňiziň netijesinde, maddy ýagdaýyňyzy we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy ep-esli gowulaşdyryp bilersiňiz. Bu gün ummasyz köp iş, şeýle-de möhüm resminamalar size garaşýar. Belki-de, ýakyn adamyňyzdan çynlakaý teklip gelip biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün haýsy işe baş goşsaňyzam, hemme zady başaryp bilersiňiz. Zehinlilik we biraz mekirlik ukyby iň kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder. Diňe öz düşünjäňize görä hereket ediň. Ýakyn garyndaşlaryňyz sizden kömek sorap bilerler, muny äsgermezlik etmäň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ýakymly we ýakymsyz her dürli garaşylmadyk zatlardan doly bolup biler. Iş sizden jemlenmegi we guramaçylygy talap eder. Uly çykdajylary etmek maslahat berilmeýär. Maşgala agzalary bilen bu gün doly düşünişersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Iň ýakymsyz zatlar hem bolup biler: gorkuzmak, yzarlamak, howp bilen ýüzbe-ýüz bolmak. Diýýän sözleriňizde we edýän her hereketiňizde ýedi ölçäp bir kesiň. Şübheli çärelere gatnaşmaň. Az tanaýan adamlaryňyzyň çakylyklaryny kabul etmäň. Gahary, agressiýany aýyrjak boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Gün diýseň dartgynly bolar. Arkaýyn, asuda bolmak, dynç almak size kyn bolar. Bu bolsa gapma-garşylyklara we saglygyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler. Bu gün suwa has ýakyn bolmaly, has gowusy howuza, köle baryp görmeli. Bu siziň nerwiňize oňaýly täsir eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Işlemek islegiňiz bolar we zähmetsöýerligiňiz artar. Durmuşyň haýsy ugruna has köp tagalla etmelidigiňizi çözüň. Çagalar bilen gaty ynamly gatnaşyk saklaň. Olar bilen agras we berk bolmajak boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Belki, size girdejili iş hödürlener. Emma razylyk bermäge howlukmaň, ýogsam adamlar bilen gatnaşyklarda çynlakaý kynçylyklar bolup biler. Bu bolsa, düzedip bolmajak ýalňyşlyklara getirmegi-de ähtimaldyr. Günüň ikinji ýarymynda abadançylygyň ýaramazlaşmagy, aladalanmak we erbet duýgularyň bolmagy ähtimal.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Häzirki wagtda şahsy iş köpçülikleýin işden has ileri tutulýar. Daş-töweregiňizdäkilerden kömege garaşmaň. Sowuk ganda iň kyn meseleleri özbaşdak çözjek. Agşamy ýeke geçirmek maslahat berilýär. Köşeşmek üçin, öý işleriniň hemmesini bir gapdala goýup, halaýan zadyňyzy ediň. Teklipler ýerine ýetirilse, günüň ahyryna çenli deňagramlylyk dörär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň birinji ýarymynda dowamly keselleriň, şikesleriň, heläkçilikleriň güýçlenmegi mümkindir. Ähli howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek kynçylyklardan dynmaga kömek eder. Düşünjäni we paýhaslylygy görkezmek bilen gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni alyp bilersiňiz. Günortany ýakyn maşgala agzalaryňyz bilen geçiriň. Häzirki wagtda muny etmek diýseň zerurdyr. Çünki siz häzir öz maşgalaňyzdan daşlaşyp başlaýarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün täze ýagdaýlara uýgunlaşmaly, rahatlygy ýa-da hyjuwy görkezmeli bolarsyňyz. Işewürlige döredijilikli çemeleşmeli. Size düşünýän ýakyn adamyňyz bilen köpden bäri garaşylýan duşuşyk bolar. Bu bolsa, siziň özüňizi has gowy duýmagyňyza ýardam berer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün durmuş, energiýa potensialyňyz artar. Käbir kynçylyklar mümkin bolsa-da, işiň gidişine düýpli täsir etmez. Är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar has ýumşak we ýakyn bolar. Bu gün siz birek-birege mätäçdigiňizi duýarsyňyz.

Ýene-de okaň

28-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (22-28-nji iýul)

Ata Watan Eserleri

25-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama