SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýene bir ýörite gatnaw: ýakynda jemi 3 sany ýörite gatnaw bar

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy ýakynda 2 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar.  Kompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren täze maglumatyna görä, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw 14-nji martda amala aşyrylar. Ýakynda Size ýetiren habarymyza görä, “Türkhowaýollary” kompaniýasy şu ýylyň 9-njy martynda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 25-nji fewralda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.

Bellemeli zat, düýn Size ýetiren habarymyza görä, Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berşine görä,  şu ýylyň 9-njy martynda Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar