SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

4-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  4-nji  sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün siz aýratyn duýgur we biraz özüňizi ejizräk duýarsyňyz. Başga wagt üns bermeýän hadysalaryňyzy, bu gün ýüregiňize  ýakyn alyp bilersiňiz. Günüň başynda aladalanmak üçin esasanam köp sebäpler bolup biler. Täze meseleler ýüze çykar, kynam bolsa çözmeli diňe sizdigiňizi unutmaň. Kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda-da özüňize ynamyňyzy ýitirmäň. Ähli zat garaşylýan netijäni berer. Günüň ikinji ýarymynda maşgala meselelerini çözmek bilen meşgullanýan hamallara gowy habar geler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar dartgynly bir güne taýyn boluň! Birbada birnäçe işler bilen meşgul bolmaly bolarsyňyz, ozal göýberilen ýalňyşlyklary çalt düzetmeli we guramaçylyk meseleleri çözmegiň wagty geldi. Diňe öz güýjüňize bil baglamaly. Bu gün size hiçkimiň kömegi degmez. Günüň ikinji ýarymynda gowy habarlar we gyzykly teklipler bolmagy mümkin. Alamatyň käbir wekillerine köne tanyşlaryny görmäge we öňki gatnaşyklary düzetmäge mümkinçilik bolar. Öň siz bilen dostlaşasy gelmeýän adamlar hem bu gün siz bilen aragatnaşyk gurmaga meýilli bolarlar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün size işde we okuwda üstünlik gazanmagy, üstünlikli satyn almalary we amallary wada berýär. Işewürlikde başlangyç etmek, pikirleriňizi paýlaşmak we täze ýaran tapmaga synanyşmak üçinem amatlydyr. Köp adamlar siziň meýilnamalaryňyz bilen gyzyklanarlar we durmuşa geçirilmegine kömek etmek isleýänler ýeterlik bolar. Duýgularyňyz ygtybarly ýaran saýlamakda size kömek eder. Şahsy gatnaşyklaryňyz dartgynly ýagdaýda bolmagy ähtimal. Dogan-garyndaşlaryňyz bilen umumy dil tapyşmak käwagt kyn bolar. Ýöne siz çynlakaý gapma-garşylyklara ýol bermersiňiz we hökman özüňize eziz bolanlary begendirmegiň ýoluny tapmak başardar.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Günüňiz adatdakylardan biraz kyn başlanar. Üns berilmegi talap edýän birnäçe meseleler bolar we ilki näme etmelidigiňiz derrew belli bolmaz. Düşünjäňizi diňläp bilersiňiz, ýöne köne tanyşlaryňyz bilen maslahatlaşmak hem artykmaç bolmaz. Olar käbir möhüm, jikme-jik meselelere ünsüňizi çeker. Günüň ikinji ýarymy gowy geçer. Ýakymly garaşylmadyk sowgatlaryň  gelmegi ähtimal. Siziň tiz razylaşyp biljek teklipleriňiz bolmagy mümkin.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün üçin uly meýilnamalaryňyz bar bolsa, mümkin boldugyça ir durmuşa geçirip başlamaly. Ir säher täze başlangyçlar üçin has amatly bolar we size käbir kyn meseläni çözmäge mümkinçilik berer. Üstünlik gazanmak isleýän esetler, garşydaşlaryndan bir ädim öňe saýlanmagy başararlar. Oňyn başangyçlaryň täsiri biraz azalar, emma günüň ikinji ýarymy hem gowy geçer. Dynç almak üçin, netije berjek işler üçin ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk üçinem amatly gün.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbülelere gaty başagaýlykda geçjek bir gün garaşýar. Diňe çylşyrymly meseleler bilen iş salyşmaly, düýbünden täze bir meseleleri çözmäge synanyşmaly. Başga biriniň tejribesi belki-de peýdaly bolup biler, ýöne boldugyndan öz umumy düşünjäňize we  duýgurlygyňyza bile baglaň. Kynçylyklardan doly gaça durmagyňyz mümkin däl, emma olardan nädip baş alyp çykjakdygyňyza tiz düşünersiňiz. Garaşylmadyk girdeýjiler geler. Alamatyň käbir wekilleri üstünlikli şertnama baglaşar we täze girdeýji çeşmesini tapar. Agşam köne dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatly bolar. Söýýän adamyňyz bilen kiçiräk dynç alyş  gurnap bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Möhüm kararlara howlukmaň! Günüň başlangyjy, täze maksatlara ýetmek üçin köne meýilnamalary terk edip, durmuşyňyza düýpgöter üýtgetmek üçin amatly däl. Adamlar bilen gatnaşygyňyzda biraz seresap bolmaly. Siziň bilen dostlaşmaga synanyşýanlaryň arasynda şübheli adamlaryň bolmagy hat-da howply adamlaryň bolmagam ähtimal. Günüň ikinji ýarymy düýbünden başgaça bolar. Bagt siziň eliňizdedir, ony göýbermezlige çalşyň. Ýakymly tanyşlyklar garaşýar. Olaryň biri hakyky söýgüniň başlangyjy bolup biler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar irden işiňize ünsi jemlemek zerur, nämelerden ilki başlamalydygyna şu gün karar beriň, soň kesgitlemek kyn bolar. Alamatyň bu wekilleriniň köpüsi ýeňiş gazanmaga tagalla etmegiň ýerine, şowlulyga bil baglap, ýeňil ýeňişlere garaşýalar. Günüň ikinji ýarymy ýakymly geçer. Täze başlangyçlara başlamak üçin amatly we duýgularyňyz size täzeliklere nädip çemeleşmelidigini görkezerler. Köne tanyşlaryňyz bilen görüşmäge mümkinçilik bolar. Olardan hökman möhüm birzady öwrenersiňiz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Kowuslar kyn söhbetdeşliklere, ozal köp düşünişmezlige sebäp bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýyn boluň. Alamatyň käbir wekilleri işde we öýde dawa-jenjellerden  gaça durmak üçin ähli diplomatik zehinini ulanmaly bolar. Tankytly sözlerden saklanmaly, biraz wagtlap gödek we gülkünç sözleri ýatdan  çykarmaly. Täze tanyşlyklar, düýbünden peýdaly işler üçin amatly gün. Iş meseleleriňiz üstünlikli çözüler. Hünär derejäňizi güýçlendirmek, nämäni başarýandygyňyzy görkezmek mümkinçiligini elden gidirmäň.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Irdeniňizi möhüm bir başlangyja sarp ediň. Elbetde size kömek etmek isleýänler köp bolar, üstesine-de, ýakyn wagtda islän wagtyňyz maslahat sorap biläýjek adamlaryňyz peýda bolar. Öň öwrenen köp zatlaryňyz has peýdaly bolar. Tejribäňiz ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder, duýgularyňyz bolsa maksadyňyza nädip ýetip boljakdygyny görkezer. Günüň ikinji ýarymy resmi däl duşuşuklar üçin amatly. Köne tanyşlaryňyz myhmançylyga çagyrarlar, teklipden ýüz öwürmäň, wagtyňyz gyzykly geçer.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Bu gün iş duşuşugy üçin amatlydyr. Ýolbaşçylara özüňizi gowy görkezmek üçin rola girmek gerekdäl, iň gowy häsiýetleriňiz ünsden düşmez. Ozalky geleşikler ýakyn wagtda girdeýji getirer we täze girdeýji çeşmäňiz peýda bolar. Bu gün şahsy gatnaşyklaryňyzda täze başlangyçlar üçin amatlydyr. Köp wagtdan bäri göwnüňize ýaraýan adama öz ýürek sözleriňizi aýtmaga mümkinçilik döräp biler. Sizi gowy görýänler bilen eden dawalaryňyzyň çözgüdi hut şu günde çözüler we araňyz gowlanar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)   

Duýgur we täsirli Hutlar üçin günüň başlangyjy aňsat bolmaz. Islendik zat olaryň lapykeç bolmagyna täsir edip biler. Betbagt tötänlik, şahsy durmuşyndaky düşünişmezlikler, tötänleýin tanyşlaryňyzyň size tarap aýdan sözleri ýa-da meýilnamalaryňyzyň garaşylmadyk ýagdaý-da üýtgemegi. Käbir kiçijik wakalary kabul etmek biraz pikirlendirer. Wagtyň geçmegi bilen emosional ýagdaý biraz durnuklaşar, dumuşyňyzyň gowlaşýandygyny duýarsyňyz. Kyn iş bilen meşgullanýan Hutlar, bu işiň netije berjegine umytsyz bolup bilerler. Agşamyňyz hemme zady unudyp ýakymly geçirmek üçin pursatlardan doly bolar.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri