SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlaryň günleri we wagtlary

Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty hökmünde halkara uçar gatnawlarynyň ikinji tapgyry baradaky habarymyzy “Youtube” kanalymyzda 22-nji iýunda dykgatyňyza ýetiripdik.

Şoňa laýyklykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan alnan maglumatlary ýetirýäris.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny tapgyrlaýyn esasda ýola goýmagy dowam etdirýär. Ilkinji tapgyrda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Halkara gatnawlaryň geriminiň giňeldilmegi bilen ikinji tapgyrda iýul aýyndan başlap, Kazan we Dubaý şäherlerine gatnawlaryň sany 2-ä ýetirilýär.

Şeýle hem iýul aýyndan Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine gatnawlar ýola goýlup başlanar.

AŞGABAT-KAZAN-TÜRKMENABAT GATNAWYNYŇ WAGTY WE BAHASY

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan alnan maglumata görä, Aşgabat-Kazan-Türkmenabat ugry boýunça gatnawlar iýul aýyndan her hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan Kazana her hepdäniň çarşenbe güni 14:55-de uçýar. Şol gün yzyna 20:30-da Türkmenabada gaýdýar.

Şeýle hem 1-nji iýuldan soňra her hepdäniň ýekşenbe günleri 2-nji gatnaw ýerine ýetirilip, Aşgabatdan Kazana 20:30-da uçýar we 23:35-de bolsa, Kazandan Türkmenabada yzyna gaýdýar.

Biletiň bir tarapynyň bahasy 8020 manat.

AŞGABAT-DUBAÝ-TÜRKMENABAT GATNAWYNYŇ WAGTY WE BAHASY

Aşgabat-Dubaý-Türkmenabat ugry boýunça hem gatnawlar bolsa, duşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan Dubaýa duşenbe günleri 12:20-de, anna günleri bolsa 18:15-de uçýar.

Dubaýdan Türkmenabada bolsa, duşenbe günleri 15:20-de, anna günleri bolsa 21:30-da uçýar.

Biletiň bir tarapynyň bahasy 6700 manat.

Bilşiňiz ýaly, Aşgabatdan Dubaýa ilkinji gatnaw 30-njy maýda amala aşyrylypdy. Bu gatnawy hem ilkinji bolup, size ýetiripdik.

AŞGABAT-MOSKWA-TÜRKMENABAT GATNAWYNYŇ WAGTY WE BAHASY

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 1-nji iýuldan soňra ýola goýmagy meýilleşdirýän Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat adaty halkara uçar gatnawlary hepdede 2 gezek, şisenbe we perşenbe günlerinde ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabatdan Moskwa sişenbe güni 19:25-de uçýar, perşenbe güni bolsa 07:35-de uçýar. Uçar gatnawlary yzyna Türkmenabat şäherine  gonarlar.

Biletiň bir tarapynyň bahasy 8030 manat.

Bellik: Yzyna biletleri her ýurduň özünde satyn alynmalydyr.

 

Türkmenistandan Kazana hepdede 2 gatnaw bolar

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Moskwa adaty uçar gatnawlary başlaýar

Aşgabatdan Dubaýa hepde 2 gatnaw amala aşyrylar

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Qatar Airways” bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Dünýäniň iň gowy howa menzili sanawynda Katar birinjiligi eýeledi

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

“Laçyn syry” – ýüzler üçin täsirli we tebigy melhem

Ata Watan Eserleri

Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satuwda

Aşgabat-London-Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar