JEMGYÝET

Türkmen çagalary Prezident Ärdogana tahýa we dutar sowgat berdiler

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar doganlyk ýurduň Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar. Türkiýede guralan dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň arasynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletlerden gelen çagalaryň bardygyny bellemek gerek.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar medeni maksatnamanyň çäklerinde Mustafa Kemal Ata Türküň aramgähine baryp gördüler. Türkiýäniň Beýik millet mejlisine baryp görmekleri we bu ýerde mähirli kabul edilip, doganlyk ýurduň parlamentiniň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşmaklary olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Aşgabadyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan kabul etdi. Olar türk topragynda mähirli kabul edilendikleri, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin doganlyk ýurduň Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Çagalaryň türk dilinde okan goşgulary we çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň türk diline terjime edilen nusgasynyň Türkiýäniň Prezidentine sowgat berilmegi tolgundyryjy pursatlara öwrüldi. Aýratyn-da, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan türkmen tahýasyny we dutary özüne bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin türkmen çagalaryna hem-de olaryň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar