SPORT

17 ýaşyndaky hindi küştçiniň üstünligi

Gukeş Dommaraju küşt boýunça dünýä çempiony bolmak üçin dalaşgärleriň ýaryşynda birinji bolmagy başardy. Bu 17 ýaşyndaky hindistanly küştçiniň uly üstünligi boldy.

Ýaryş Kanadanyň Toronto şäherinde geçirildi. Oňa Russiýadan, Hindistandan, Fransiýadan, ABŞ-dan we Azerbaýjandan güýçli küştçiler gatnaşdy.

Dünýä çempionlygyna dalaşgärleriň ýaryşynyň soňky tapgyrynda Gukeş amerikaly Hikaru Nakamura bilen deňme-deň oýnady. Russiýaly Ýan Nepomnýaşiý bolsa, ABŞ-ly Fabiano Karuana bilen deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, Gukeş Dommaruja  9 utuk bilen birinji boldy. Sonneborn-Berger koeffisientina görä, ikinji orny 8,5 utuk jemlän ameirkaly Hukaru Nakamura, üçünji orny 8,5 utuk gazanan rusisýaly Ýan Nepomnýaşiý eýeledi.

Hindistan bu ýaryşa 3 sany ýaş küştçileri bilen gatnaşdy. Olardan Rameşbabu Pragnanadha 7 utuk, Gudjrati Witi 6 utuk gazandy.

Şeýlelikde, Gukeş Dommaraju dünýä çempiony bolmak üçin häzirki wagtda çempionlyk derejesine eýe bolup duran hytaýly Din Ližen bilen bäsleşer. Bäsleşigiň 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy