MEDENIÝET

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Düýn Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi.

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda behişdi bedewlere ideg etmek, olary köpeltmek, milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, at çapyşyklary, uzak aralyga atly ýörişleri, atlaryň päsgelçiliklerden geçmegi boýunça seýisleri, tälimçileri hem-de ussat türgenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi.

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň jemi jemlenilende, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiji bedewleriň atlary yglan edildi. Olar gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylar.

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy