DÜNÝÄ

Halkara maslahat: asylly başlangyçlar, oňyn teklipler

Şu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda geçirilýän «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam etdi. Irden Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahatyň umumy mejlisi boldy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynyň okalmagy oňa gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da beýgeltdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, welaýat häkiminiň orunbasary Oguljennet Berdiliýewa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, ony asyl durkunda gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet etdiler.

Iki gün bäri ýerli we daşary ýurtly alym-arheologlaryň, bilermenleriň gatnaşmaklarynda gadymy Lebap topragynda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat hem munuň aýdyň güwänamasydyr diýlip çykyşlarda bellenildi.

Şonuň ýaly-da mejlisde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory Albert Burhanow, Beýik Britaniýaly alym Timothi Dawid Uiliams we beýleki daşary ýurtly myhmanlar çykyş etmek bilen, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleriň, şol sanda gadymy Amul galasynyň köpasyrlyk taryhy, şu gadymy desgalarda ýüze çykarylan tapyndylaryň ähmiýeti, olaryň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda tutýan orny barada durup geçdiler. Bu ugurdaky içgin hyzmatdaşlyklaryň oňyn miwelerini berýändigini hem daşary ýurtly myhmanlar nygtadylar.

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy