TEHNOLOGIÝA

Ýagşylyk-ýamanlyk barada nakyllar Iňlis dilinde

Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllarymyzy dünýä halk köpçüligine Iňlis dilinde ýetirmäge dowam edýäris.

Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda, Agzybirlik baradaky, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda,  Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda, Maşgala, är-aýal hakynda,  Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda, Akyl we akyllylyk barada, dil, söz hakynda, şeýle hem At-bedew hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Ýagşylyk-ýamanlyk barada nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris.

Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem Türkmen nakyllarynyň bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

  1. Dişlejek bolýan it dişini syrtardýan däldir. – A dog that intends to bite does not bear its teeth.

***

2. Edilen ýagşylygy bilmeýän näkesden itiň öňüne taşlanan süňk ýagşy. – A bone thrown at a dog is more of a worthy act than kindness to the wicked.

***

3. Goltukdaky ýylan kelte kesewi ýalydyr. – A person’s evil intention is more dangerous than a snake’s poison.

***

4. Her kim öz pälinden tapar. – A bad one breaks his board.

***

5. It aýaldan akyllyrak, ol eýesine üýürmeýär. – A dog is wiser than a woman; it does not bark at its master. A dog never forgets his master.

***

6.Ne sakgala minnet, ne-de murta hyzmat. – A dog in the manger.

***

7. Nebisleri agyrandan, goý, görübilmezçilik etsinler. – Better be envied than pitied.

***

8. Oňat gylyk adamyň ýüzi. (Adamyň ýüzi onuň ýüreginiň aýnasy). – A good face is a letter of recommendation.

***

9. Ynsanperwerlik ähli zatdan belentdir. – A good heart’s worth gold.

                                                             ***

10. Ýagşy ýigidiň dosty köp. A good deed will make a good neighbour.

***

11. Ýagşylyk birinde gaýtarylmasa, birinde gaýtarylar. – A good deed is something one returns.

***

12. Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk bilmese, Halyk biler. – A good deed dies when it is spoken about.

***

13. Ýagşylyk, mähermilik dünýädäki ähli gowluklary bilelikde alanyňdan-da oňatdyr. – A good heart is better than all the heads in the world.

                                                         **

14. Ýagşylyk-ýamanlygyň galkany. – A good deed saves a person from action. A good deed is a shield from action.

***

15. Ýagşylyk unudylmaz. (Ýagşylyk ýerde ýatmaz). A good deed is never lost.

***

 16. Ýetim oglanyň agzy aşa ýetende, burny ganar. – Only just an orphan’s life is returning to normal, it goes to pieces.

***

17. Ýüpek donuň içinde ýagşy-ýaman tanatmaz. – A fair face may hide a foul heart (soul). – (ýylmanak ýüzüň astynda gara niýet gizlenmegi mümkin.

                                                                ***

18.Ýylanyňam daşy ýylmanak bolsa-da, zäheri awy. Ýüpek donuň içinde ýagşy-ýaman tanatmaz. – A fair face may hide a foul heart (soul).

                                                                   ***

19. Zoraýakdan edilen ýagşylykdan minnetdalyga garaşma. – A forced kindness deserves no thanks.

***

 

At-bedew hakynda nakyllar Iňlis dilinde

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri