TEHNOLOGIÝA

At-bedew hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Türkmen nakyllaryny Iňlis dilinde Size ýetirmäge dowam edýäris. Mälim bolşy ýaly Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary, Agzybirlik baradaky nakyllary, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda nakyllary,  Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary, Maşgala, är-aýal hakynda nakyllary,  Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda nakyllary, Akyl we akyllylyk barada nakyllary, şeýle hem dil, söz hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size At-bedew hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris.

Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem Türkmen nakyllarynyň bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

  1. At agynan ýerinde toý bolar. –In the field where a horse rolls on its back shall be a wedding party (feast).
  2. At aýlanyp gazygyny tapar. – Getting lost, a horse will return to its stable.
  3. At basyşyndan bellidir, är – bakyşyndan. – A horse is known by its steps, a horseman by his sight.
  4. Ata dost ýaly seret. – Breed your steed as your best friend.
  5. Aty baryň ganaty bar, ogly baryň­döwleti. – He who has a horse has wings, he who has a son – fortune.
  6. Atyň dört aýagy bar, olam büdreýär. – A horse stumbles that has four legs.
  7. At garrar, meýdan garramaz. – A horse grows old but not a field.
  8. At gylygyna eýesi ýetik. – The owner of a horse knows his horse’s habit best.
  9. At üsti hyýally. – He who rides a horse flies in the air.
  10. Atyny harlan, atasyny harlar. – He who doesn’t value his horse, doesn’t appreciate his father as well.
  11. Är ganaty at– A steed /horse is brave man’s wing.
  12. Bedew aty söýmeýän adam, gözele aşyk bolup bilmez. The man who does not love a horse cannot love a woman.
  13. Bedew jul içinde. – A good horse cannot be a bad c
  14. Ertir tur ataňy gör, ataňdan soň – atyňy. – Early morning first visit your ancestor, then visit your steed.
  15. It içen suwdan at içmez. – A horse never drinks water from aa dog’s bowl.
  16. Malyň iki bolsa, biri at bolsun. – If you have two living creatures, one must be a horse.
  17. Sowgat berlen atyň dişine seredilmez. – One shouldn’t look a gift horse in the moutth.
  18. Ýagşy at öňüni gözlär, ýagşy ýigit soňuny. – A horse looks forward; a young man looks in the future.
  19. Ýagşy ata bir gamçy. (Oňat işleýän adamy gyssamak zerurlygy ýok). – A good horse should be seldom spurred.

Dil, söz hakynda nakyllar Iňlis dilinde

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri