TEHNOLOGIÝA

Dil, söz hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Mälim bolşy ýaly Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary, Agzybirlik baradaky nakyllary, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda nakyllary,  Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary, Maşgala, är-aýal hakynda nakyllary,  Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda, şeýle hem Akyl we akyllylyk barada nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Dil,  söz hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris.

Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem Türkmen nakyllarynyň bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

 

  1. Adam çig süýt emen. – To err is human.

***

  1. Adam bar – gep bar, arpa bar – çöp bar. – Where is a person there is a gossip, where is rye there is hay.

***

  1. Adam dilinden tapar. – A person usually suffers from his tongue.

***

  1. Agyz açarlar haýyr söz üçin. – A tongue is given to a person to speak of pleasant things. Syn.: A mouth is opened for the benefit.

***

  1. Agyz bir, gulak iki, bir geple, iki diňle. – Mouth is one, ears are two: speak one, listen twice.

***

  1. Agyzdan çykan söz atylan ok.A word released from a mouth is as a sot bullet.
  2. Agyzdan çykan söz atylan okdolap bolmaz. – A word spoken is past recalling, it can’t be taken back.

                                             ***

  1. Agzy gulply sandygy diş açmasa, dil açar.A tongue unlocks a secret which can’t be unlocked by teeth.

                                                         ***

  1. Atalar sözüdir nakyllar durmuş tejribesiniň önümidir. Akylyň bolsa akyla eýerer, akylyň bolmasa – nakyla. – A proverb is the child of experience.

                                                   ***

  1. Azrak gürle-de, köpräk diňle. – Be swift to hear, slow to speak.

***

11.Bal bar ýerinde ary bardyr. – Where is honey there is bee. Dili süýji –  honey-sweet

                                                   ***

  1. Bal diýeniň bilen agyz süýjemez, süýjese-de aňryňa zat düşmez.Fine words butter no parsnips.

***

  1. Başa bela iki barmak dilden geler.A big problem is caused by a little tongue.

***

  1. Bir agyzdan çykan söz müň agyza ýaýylar. A word spoken by a man is spread by thousands.

                                                           ***

  1. Bir garybyň köňlüni «Hoş geldiň!» awlar. – A cordial word encourages sad soul.

                                                               ***

  1. Biseresap gepleseň, dildir başyň belasy. – Carelessness speech may cause problems.

***

 

  1.  Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy.If don’t have wheat bread to give a person, encourage him with a cordial

                                                           ***

  1. Bulutdan çykan Gün ýakar, ýaşmakdan çykan dil. – Sun risen from clouds and a word from young wife’s yashmak tongue – burn sharply.

                                                      ***

  1. Çykmadyk janda umyt bar. – A bad corn promise is better than a good – Şowly tamamlanjak kazyýet dawasyndan – (иск)), inçejik bolsa-da, (umyt) tama ýagşy.

                                              ***

  1. Dek gezen, dok gezer. Dil hem gala, hem bela. – A close mouth catches no flies.

***

  1. Dili bal, ýüregi zäher. – A honey tongue, a heart of gall.

                                                     ***

22.Dil bela, diş – gala.- Speech is silver but silence is gold.

                                                    ***

  1. Dyman agyz – akylly kelle (saýylar). – Still tongue makes a wise head.

***

  1. Edep başy – dil. – A person’s manner of speech reflects his politeness.

***

  1. Gep –ýel bolsa-da, ýürek çişirer. – Though a word is wind, it swells up the heart.

***

  1. Gurt agzasaň, gurt geler. – Speak (talk) of the devil and he will appear.

                                                     ***

  1. Gury sözden palaw bolmaz – Fine words butter no parsnips.

                                                         ***

  1. Gybat söz dag aşar. – A bad word whispered will echo a hundred miles.

***

  1. Halk öz nakyllarynyň hili bilen tanalar. – A country can be judged by the quality of its proverbs.

***

  1. Hesip edeniň bolmaz, nesip edeni bolar. – Man proposes, but God disposes.

***

31.Hoşamaý söz süňk döwer. – Polite words breaks bone.

***

32.Hoşuň atasy ölmändir.- Feed smb. with promises (hopes).

***

  1. Köp bilýän az gürleýär. – Who knows most, speaks least.

***

  1. Lebiz halal. Söz berdiňmi, sözüňde tapyl. Şert puldan gymmat. – A bargain is a bargain.

***

  1. Şirin dil ýüregi ýumşadar. – Smooth-tongued softens a heart.

***

 

Akyl we akyllylyk barada nakyllar Iňlis dilinde

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri