TEHNOLOGIÝA

Akyl we akyllylyk barada nakyllar Iňlis dilinde

Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary, Agzybirlik baradaky nakyllary, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda nakyllary,  Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary, Maşgala, är-aýal hakynda nakyllary, şeýle hem  Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Akyl we akyllylyk barada nakyllar Iňlis dilinde ýetirýäris.

Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem Türkmen nakyllarynyň bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

 

  1. Agyr otur, ýeňil gop. – Think much, act swift.

                                                  ***

  1. Akmak, akyllydan ökde boljak bolup, hemişe öňe sokuljak bolar. – A fool always rushes to the fore.

***

  1. Akmak bilen gülüşenden, akylly bilen aglaşan ýagşy.Better to mourn with a wise than to make a joy with fool.

                                                                     ***

  1. Akmak dana boladan, samsyk akylly bolan ýegdir. – Better a witty fool than a foolish wit. – (W.Şekspir)

                                                            ***

  1. Akmak dymsa, akylly saýylar. – A fool when he is silent is counted wise.

***

  1. Akmak kyrk ýaşda-da akmakdyr. – A fool at forty is a fool indeed.

***

  1. Akmak öz ilinden aýyp gözlär. –A fool seeks disgrace from his people.

***

  1. 8. Akmaga dymmaklyk – jogap.It is wise to remain silent to the fool’s speech.

                                                             ***

  1. 9. Akmagyň agasy bolandan, akyllynyň inisi bol.Better to be a younger brother of a wise man than an elder brother of an idiot.

***

  1. 10. Akmagyň dili aklyndan öňde. – A fool’s tongue runs before his wit.

***

  1. 11. Akyl är döwletden düşse­de, hormatdan düşmez.A wise man keeps his respect even though he loses his wealth.

                                                                     ***

  1. 12. Akylla ýalbarsaň peseler, akmaga ýalbarsaň – eseler. – A wise man changes his mind, a fool never will.

***

  1. 13. Akylla yşarat. Akylla bir söz besdir. – A word is enough to the wise.

***

  1. 14. Akylly adam dil öwrener. – Intelligent learns lanuages.

***

  1. 15. Akylly dostuny öwer, kemakyl aýalyny, samsyk özüni. – A wise praises his friend, the slow-witted his wife and the idiot praises himself.

                                                                   ***

  1. 16. Akylly oýlanýança, tentek işini bitirer.While a wise man is coming to conclusion, an idiot fulfills it.

***

  1. 17. Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner.You can appreciate a person’s true worth comparing him with a fool.

                                                              ***

  1. 18. Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar. – A stupid can breed strife among five wise people.

                                                             ***

  1. 19. Dana bir söz eşidip iki söz düşüner. – A wise man hears one word and understands two.

***

  1. 20. Däliniň gazanany bezenenine ýetmez. – A fool and his money are soon parted. : A fool’s bolt is soon shot.

                                                               ***

  1. 21. Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek (derek). – A fool may sometimes speak to the purpose.

***

  1. 22. Gorkagyň akly giç – A coward will always think with his legs.

***

  1. 23. Hantamaçylyk haýaňy iýExpectation consumes embarrassment.

***

  1. 24. Ikä çapýan birden galar. Iki jan owarrasy. Iki kude bedäniň arasyndaky eşek. A donkey between two bundles of hay. – An ass between two bundles of hay.

***

  1. 25. Kör hasasyn bir aldyr, iki aldyrmaz. -A fox is not taken twice in the same snare.

                                                                  ***

  1. 26. Men gezmen, nesibäm gezer. – I don’t seek my fate, but my destiny finds me.

***

  1. 27. Mollasy köp bolsa, toklusy haram öler. – Too many cooks spoil the broth.

***

  1. 28. Ol eşekde ýküm ýok, ýykylsa, habarym ýok. – A courtyard common to all will be swept by none.

***

  1. 29. Saçyna ak girse-de, aň girmedik. Ulalyp oňalmadyk. – A big head and little wit.

***

  1. 30. Samsygyň düwen düwünini sag çözüp bilmez. – A fool may throw a stone into a well which a hundred wise men cannot pull out. : A fool may ask more questions in an hour than a wise man can answer in seven years.

***

  1. 31. Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer -A burnt child dreads the fire.

***

32.Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda. – A fault confessed is half redressed.

                                                      ***

 

Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri