TEHNOLOGIÝA

Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary, Agzybirlik baradaky nakyllary, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda nakyllary,  Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary we Maşgala, är-aýal hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris. Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem Türkmen nakyllarynyň bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

  1. Abraýly ýigide ýaraly keýik sataşar.Activity of a respectful person is always successful.
  2. Abraýy tapyp bolmaz, biabraýlyk duran ýeriňde. –  One must work hard to achieve respect, while disgrace may be achieved in no time.
  3. Adam adama gowuşar, dag daga gowuşmaz. – Mountains do not meet, but men do.
  4. Adam amanat, amaly baky – Life is short, art is long.
  5. Adam adamdan gutular, adam pälinden utulmaz. –A man can escape a man but fate.
  1. Adam alasy içinde. Ýylgyrsa-da, içi melgun. – A dimple on the chin, the devil within.
  2. Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.A person’s intentions are hidden in his heart, but animal bares its teeth.
  3. Adam bar gyzyl alma nagşydyr, Adam bar ­haýwan ondan ýagşydyr. There is a human creature precious than diamond, there is a man worthless than any animal being.
  1. Adam çykjak oglan alysa garar. – A child who will grow to be a wise man looks foresighted.
  2. Adam kylmyşyndan belli, agaç – miwesinden. – A man is known by his deed a tree – by its fruit.
  3. Adam ömri akar suw. – Man’s life is as running water.
  4. Adam sözleýşinden belli, gucuşyndan. – A person is known by his manner of speech, a bird may be known by its song.
  5. Adamyň ýere bakanyndan gork, suwuň sus akanyndan. – Smooth waters run deep. (Adam alasy içinde, haýwan alasy daşnda)
  6. Adam çig süýt emen. – To err is human.
  7. Adamlar häsitýetleri boýunça  dürli-dürli bolýarlar. Hemmäni bir aýakdan sürmezler. – All bread is not baked in one oven.
  8. Adamyň abraýy özüne bagly. – A person’s respect depends on himself.
  9. Adamyň iki gözi terezi.- A man can judge fairly.
  10. Adamyň owaly-da oglanlyk, ahyry-da. You were born as a child and die as a childish.
  11. Adamyň eti haram, lebzi halal. – Man’s flesh is haram (forbidden) but being a man of your word is halal (worthy, honourable).
  12. Adamyň ýüzüne gara-da, halyny sora. – Look at a man’s face and ask him how’s his life.
  13. Agyň ady bar, garanyň dady bar. – A pespect person has his name, but disgrace – shame.
  14. Ajy badamjany sowuk urmaz. A bitter eggplant does not get frost bitten.
  15. Ajysy bolmagygyň, süýjüsi bolmaz. Haýyrsyz şer bolmaz. A blessing in disguise.
  16. Atasyz oglan – ýetim, enesiz oglan – ýesir. – A boy without father is an orphan, but without mother he is a destitute.
  17. Baý adamyň ýagysy – men-menlik, gözelligiň duşmany – düwürtik. – A wealthy man’s enemy is a spark, a beauty’s enemy is a pimple.
  18. Bir başa bir ölüm. – A man can die but once.
  19. Bir-ä Hudaýdan gorkandan gork, birem gorkmadykdan. – Be watchful who is afraid of God and who is not afraid of God.
  20. Gara goýundan agam dogar, gara-da. A black hen lays a white egg.
  21. Gedaý hiç wagt tozmaz. – A beggar can never be bankrupt.
  22. Goýun derisine giren möjek. – A wolf in sheep’s clothing.
  23. Gyzyl ýaly adam (iň bir adamkärçilikl adam) – A diamond of the first water.
  24. Geçirimliniň işi şow. – He who forgives a person’s faults is saint.
  25. Kişä ýamanlyk etjek bolan, özüne zyýan eder. Eder eder, özüne eder, kişi kişä näme eder. A bad one breaks his board.
  26. Kör hasasyn bir aldyrar. A fox is not taken twice in the same snare.
  27. Kör köri idýän bolsa, uzaga gitmez. – A blind leader of the blind.
  28. Ömür öwreder, zähmet baýadar. Time is a good master and labour makes you richer.
  29. Öwrenilen gylyk örkleseň-de durmaz. – A wolf might lose his teeth, but not his character.
  30. Saman astyndan suw goý. – Still waters have deep bottoms.
  31. Siňňin akan suwdan gork. – Be watchful to still waters running deep
  32. Ýagşy ýigit il aýbyny açmaz. –  A good fellow  keeps people’s 
  33. Ýagşyny agzasaň, ýagşyzada geler. – A good man will appear when talked about.
  34. Ýaramaz adam akylly görünjek bolup, öňküje abraýyndanam düşýär. A bad man is worse when he pretends to be saint.
  35. Ýetim oglan öz göbegini özi keser. – An orphan determines his destiny himself.
  36. Ýigit sözi bir gerek.- A person must keep his
  37. Ýagşy niýet ýarym döwlet – A good intention is a half wealth.
  38. Ýuwaş bimaza. – Smooth waters run deep.

Päk ahlaklyk barada

  1. Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz. Päk wyždan – ömürlik abraý. – A good conscience is a constant feast.
  2. Hasaby päk bolanyň ýüzi ak bolar. – A clean hand wants no washing.
  3. Arassa ynsap töhmetden gorkmaz. Wyždany päk ynsap odundan (ezýedinden) gorkmaz. – A clear conscience laughs at false accusation
  4. Aç başym, dynç gulagym. Garyplyk – pyssy-pujurlyk etmekden ýegdir. A clean fast is better than a dirty
  5. Ynsaplynyň wyždany päk. A clear conscience is a soft

***

  1. Düýe öz örküjini görmän, beýleki düýäniň örküjini görýär. Dýe öz boýnunyň egrisini görmän, ýylana egri diýýär. Öz kemçiligiňi görmän ile at dakmak. – A camel does not see its own hump but sees that of its friend.

***

Batyrlyk – gorkaklyk barada

  1. Şir görmedik tikiniň murty syh-syh bolarmyş .- A cat in a cage becomes a lion.

***

  1. Her kim öz öýünde batyr. Item öz howlusynda batyr.- Every dog is a lion at his own downhill. Syn. A cock is valiant on his own dunghill. Every dog is valiant at his own door.

***

  1. Namart hemişe akly kesişiçe pikir eder. Gorkagyň akly giç geler. A coward will always think with his legs.

                                                   ***

  1. Suwda gark bolup barýan ýagyşdan gorkmaz. – A drowning man is not troubled by rain.

***

     Ykbal, takdyr barada

 

  1. Ne çiş köýsün, ne kebap – The wolves are sated and the sheep intact.

***

  1. Ýoldaşyň kör bolsa, gözüň gyparak. – He who keeps company with the wolf will learn to howl.

***

  1. Gurt çagasyndan ekdi bolmaz – Once a wolf always a wolf.

***

  1. Bir başa bir ölüm, ondanam sypyp bolmaz. – You only die once.

***
62. Ajal ýetmän,ölüm gelmez. –  No one dies before his time.

***

  1. Damjadan gaçyp, ýagyşa uçramak – To get out of the frying-pan into the fire.

***

  1. Ýazylandan gacyp bolmaz. — you can’t escape your fate

***

 

Maşgala, är-aýal hakynda nakyllar Iňlis dilinde

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri