TEHNOLOGIÝA

Maşgala, är-aýal hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary, Agzybirlik baradaky nakyllary, Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda nakyllary we Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Maşgala, är-aýal hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris. Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com  saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

  1. Agzybir maşgalada är – baş, aýal – ojakdyr. – Happy the marriage where the husband is the head and the wife the heart.
  2. Alynjak gyz Aý görner. – A girl you are going to marry – seems to the best.
  3. Aýal bar – öý düzer, aýal  bar – öý bozar.Every wise woman builds her house: but the fool plucks it down with her hands.
  4. Aýala boýun bolan erkegiň jaýy dowzahdyr. – Obedience to a woman leads to hell.
  5. Aýalyň bilen ajal hudaý tarpyndan maňlaýyňa ýazylan. Täleýe ýazylandan çykma ýok.  – Marriages are made in heaven.
  6. Aýalyň emelsiz bolsa, iňňä özüň sapak ötirsiň. – If your wife is awkward, you have to thread a needle.
  7. Aýalyň öýündäki işi hiç wagt gutarmaz. – A woman’s work is never done.
  8. Aýalyňa sala sal, ýöne maslahatyna eýerme; öz bileniňi et. – Ask for your wife’s advice and then do the opposite.
  9. Är – maşgalanyň baştutany, aýal – ojak eýesi. – Man is the head of the family, woman the neck that turns the head.
  10. Är – maşgala başy, aýal – ojak eýesi. – Women and cats in the house, men and dogs in the street.
  11. Äri är edýän aýaldyr. – Good wife makes a good husband.
  12. Äri oňadyň, aýaly gowy. – A good Jack makes a good Jill.
  13. Är-aýalyň urşy – ýaz gününiň ýagşy. The falling out of lovers is the renewing of love.
  14. Bir gün agzalalyk bolan öýden kyrk günki bereket gider.One day of family discord causes to lose forty days of abundance.
  15. Çagaly ene – göze iň ýakymly zenandyr. – A woman after the birth of a child is the most beautiful sight.
  16. Çagaly aýal – dürli miweli bag ýalydyr. – A woman’s belly is a garden with many kinds of fruit.
  17. Çagasy bolmadyk söýgüniň nämedigini bilmez. He knows not what love is that has no children.
  18. Çybygy wagtynda bükmeseň, ulalansoň bükdürmez – Bow a twig while its young, otherwise you can’t do it.
  19. Dannan gyz ärsiz galar. A carper will cavil at anything.
  20. Eger erkek derýa bolsa, aýal köpri. – If man be a river, then woman will be a bridge.
  21. Ejemogullardan (gorkaklardan) batyr bolmaz. – Mother’s darlings are but milksop heroes.
  22. Gaýyn-gelin gapakly gazan. – Mother in-law and dauhter in-law are one integrated a single unit.
  23. Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden alynarmyş. Mother in-law and dauhter in-law are ≈ of the same kidney.
  24. Gelni gelin edýän düşen ýeri. – In good a family a bride becomes an excellent wife.
  25. Gelnimiň aýagy [düşsün]. – May your bride bring you good fortune!
  26. Gelniň oňat duşsa, ikinji ogluň boldugy, erbet duşsa, ogluňy hem ýitirdigiň. With a good son-in-law you gain a son, with a bad one you lose your daughter, too.
  27. Gözel bardyr, gözellerden zyýada, nirede bolsa tapyp, alasyň geler.
    – A worthy woman is far more precious than jewels, strength and dignity are her clothing.
  28. Gyz kişi maşgalasydyr. -A daughter eats her bread where she is married.
  29. Gyzym saňa diýeýin, gelnim sen düşün. – A straw shows which way the wind blows.
  30. Heleýi heleý bolanyň, äri ner bolar. – A good Jack makes a good Jill.
  31. Howlugyp öýlenen, tiz öküner. Marry in haste, and reprent at leisure.
  32. Maşgala bolmak has köp zatlara borçly edýändir. – More things belong to marriage than four bare legs in a bed.
  33. Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl. –  Unanimity in the family is a real treasure.
  34. Maşgalam – baş galam. – Marriage is a stone wall.
  35. Maşgalada eziz çaganyň ady köp. – Beloved children have many names.  
  36. Maşgalada sene-menesiz, dawa-jenjelsiz bolmaz.- A house without a dog or a cat is the house of a scoundrel.
  37. Maşgala durmuşy sene-menesiz bolmaz. – A marriage is a procession in which the cross goes first.
  38. Maşgala durmuşynyň şatysy süýjülik tortdan başlanýar.- The most dangerous food to eat is a wedding cake.
  39. Olaryň gönezligi bir. –They are both of the same leaven.
  40. Öz (öýdäki) ojagyňdan yssy, mähirli ojak bolmaz. – There is no fireside like your own fireside.
  41. Öz söýeniň özüňe peri. – Whoever the heart loves, she is the beauty.
  42. Süri agsaksyz bolmaz.  – Accidents will happen in the best regulated families.
  43. Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar. – If you beat a cow’s horn, it trembles with its whole body.
  44. Ýagşy aýalyň äri oňat. Äri är edýän aýaldyr. – A good wife makes a good husband.
  45. Ýaz gününiň ýagşy, är-aýalyň urşy. – A quarrel between husband and wife lasts no time.
  46. Ýetim oglan öz göbegini özi keser. – An orphan boy defines his fortune himself.
  47. Ýekeje aýalam samsykdan akylly döredip bilen däldir, emma akylly adamy samsyga öwren aýal kändir. – Eýäm görkezmesin ýaman hatyny, adam özün bilmez, ham hyýal bolar No woman can make a wise man out of a fool, but every woman can change a wise man into a fool.
  48. There is one good wife in the country, and every man thinks he has her. Öz söýniň özüňe peri.

Ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda Iňlis dilinde nakyllar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri