TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

Iňlis dilini öwrenmek üçin New Ýork ýa-da London şäherine gitmek hökmanmy? Şeýle mümkünçilik bar bolsa, onda bu ajaýyp pursadyň hökman netijeli ulanylmalydygy barada hiçkimde şek şüphe ýok bolsa gerek!  Emma New Ýorka gitmezden hem Iňlis dilini öwrenmek mümkin! Bu jümlämizi belki-de şeýle ýazsak has maksada laýyk bolsa gerek

:New Ýorka gitmek üçin hem Iňlis dilini bilmek gerek!

“Makul Sözlük” Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän we eşidýän ilkinji akylly sözlük!  Bu barada belki Siz öňem eşidensiňiz!  “Makul Sözlük” platformasynyň döredijilik topary öz hyzmatdaşlary bilen şu wagta çenli birnäçe bölümleri durmuşa geçirdi. Bu bölümler Siziň iňlis dilini gyzykly, çalt, özi hem örän aňsat öwrenmegiňiz üçin goşmaça mümkünçilik!

Siz “Makul Sözlük” barada nämeler bilýärsiňiz!

Biz Size “Makul Sözlük” platformy barada öwgi doly setirler ýazmak islemeýäris. Goý “Makul Sözlük” barada ulanyjylaryň özi baha bersin! Biz bu habar bilen Size www.makulsozluk.com  saýtynda bar bolan bölümleri gysgaça ýetireris.  Siz her bir bölüm boýunça degişli maglumatlary bölümiň adynyň gök bilen ýazylan ýeriniň üstine basyp alyp bilersiňiz!

Jemi 42.000 söz: “Makul Söz”

Iňlis dilini suwara bilmek üçin 16000 söz ýeterlik kabul edilýär. “Makul Sözlük” platformy (www.makulsozluk.com)  öz ulanyjylarynyň iňlis we türkmen diline bolan gyzyklanmalaryny hasaba alyp öz söz bazasyna jemi 17 600 sany esasy sözi ýerleşdirdi. iňlis dilindäki sözleriň sinonimlerini hem hasaba alanyňda jemi 24 400 sany türkmen dilindäki söz “Makul Sözlügiň”  maglumat bazasynda öz ornyny tapýar. Iňlis we türkmen dillerindäki esasy sözleriň jemi bolsa 42 000 sany bolup durýar.

Her bir bölüm iňlis dilini öwrenmek üçin täze mümkinçilik!

“Makul sözlük” şu wagta çenli birnäçe bölümleri  Size ýetirdi. Geliň bu bölümler bilen ýeke-ýeke tanşaýlyň! Bölümlere geçmezden öň, www.makulsozluk.com saýtynda elýeterli bolan bu bölümleriň Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasynda hem bardygyny ýatladýarys.! Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

“Makul Sözlük” Applikasiýasyny  “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz we dünýäniň niresinde bolsaňyz hem “Makul Sözlük” Siziň ýanyňyzda!

Ýene bir bellemeli zat,  ähli sözler sesli ýagny türkmen we iňlis dilindäki okalyşy bilen bile berilýär.  Ýagny 42.000 sany söz biziň hyzmatdaşlarymyz tarapyndan ýörite seslendirildi we belki-de 24000 sany Türkmen dilindäki söz ilkinji gezek Internet howuzynda öz ornuny tapdy.  Sözleri sesli “gözleg” mümkinçilikleri bardygyny hem bellemek gerek. Siz isleýän iňlis dilindäki sözüňizi diňe bir ýazyp däl, eýsem sesli hem gözleg edip bilersiňiz!

Çagalar üçin Sözlük: Gyzykly, çalt we aňsat!

Islendik adam çagasynyň iňlis dilini öwrenmegini isleýär. Emma daşary ýurt dilini öwrenmek we ony giňişleýin özleşdirmek her kime başardyp baranok. Ine, “Makul Sözlük” platformasy çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýän ene-atalara  peýdaly boljak bölümleri işläp taýýarlady. “Makul Sözlük” platformasynyň  “Suratly Sözlük” bölüminiň üsti bilen çagalar 375 sany durmuşda iň köp ulanylýan we iňlis dilinde ilkinji nobatda öwrenäýmeli sözleri suratlaryň üsti bilen örän aňsatlyk bilen öwrenmek mümkinçiligine eýedir. Bellemeli zat, bu suratlar hem internetden haýsyda bolsa biri tarapyndan çekilen suratlar bolman, eýsem, “Makul Sözlügiň” islegi boýunça öz hyzmatdaşlarymyz tarapyndan ýörite çekilen şekiller!Çagalar üçin bu sözler sesli we ýazmaça görnüşde hem berilýär.  Şeýle hem bu sözler sözlemler içinde ulanyp görkezilýär. Suratly sözlemleriň üsti bilen 1080 sözi gyzykly öwreniň!

Bu sözlemler çagalar üçin ýörite taýýarlanylan sözlemler bolup, aňsat we gurluşy ýönekeý sözlemlerdir. A2 derejesi ýa-da “Elementary” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 1000 söz bilmek ýeterli kabul edilýändigini ýatlap geçeýliň!

Bellemeli zat, oýunlaryň üsti bilen öwrenmek usuly soňky döwürde has giň ulanyp başlandy. “Oýunly Sözlük” bölümininde çagalar ýokarda agzalan şol 375 sany suratly sözleri oýunlaryň üsti bilen gyzykly we çalt özleşdirmäge mümkinçilik tapýarlar.

Ulylar üçin Sözlük: “Iňlis dilini öwrenmek şeýle aňsat ekeni” diýersiňiz!

“Makul Sözlük” platformasynda durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýär.  “Makul Sözlem” bölümini “Oýunly sözlem” bölümi bilen bilelikde özleşdiriň we Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny öwreniň! “Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, Iňlis dilini orta derejede öwrenmek üçin bu bölüm Size ýeterlik bolar!  B2 ýa-da “Upper Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 4000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär.

Her gün täzelenýän we 15 sany türkmen dilindäki sözi berýän we şol sözleriň iňlis dilindäki jogabyny tapmak arkaly täze sözler öwrenmäge mümkinçilik döredýän  Makul Krossword wagtyňyzy gyzykly geçirmek bilen söz baýlygyňyzy artdyrmak boýunça goşmaça mümkinçilik!

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, “Makul Sözlük Extension” size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer.

Ýokary derejede iňlis dili: Öwrenmegiň çägi ýok

Iňlis dilinde iň köp ulanylýan 200 sany Phrasal  verbs-ler (frazalogizmler) ýagny Durnukly Söz düzümleri Iňlis we Türkmen dillerinde hem berilýär. Bu Phrasal  verbs-ler şeýle hem sözlem içinde mysallar bilen her iki dilde hem düşündirilýär.  Makul Sözlükde şeýle hem Irregular verbs-ler  ýa-da  nädogry işlikler bölüminde iň köp ulanylýan 100-den gowrak Irregular verbs-ler 3 ýagdaýda özi hem her biriniň türkmen dilindäki terjimesi bilen berilýär.

Platformda Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi bolan we Iňlis dilinde köp ulanylýan Idiomalar hem bar. Biz  şeýle hem 113 sany prefiksleri we 86 sany siffiksleri “Makul Sözlük” platformasyna ýerleşdirdik. Biz iň gysga wagta türkmen nakyllaryny iňlis diline, şeýle hem iňlis dilindäki daşary ýurt nakylaryny türkmen diline terjime edip 2 dilde Size ýetireris.

“Makul Sözlük” platformasynda türkmen dilindäki ilkinji onlaýn krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy öz ornuny tapýar. Siz her gün täzelenip durýan Atavatan Krossword  sahypasyny ulanmak bilen özüňiziň dil we maglumat baýlygyňyzy  ösdürip bilersiňiz!

Çagalar  üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle sahypasy  wagtyňyzy gyzykly geçirmäge we peýdaly güýmenjäniň üsti bilen dynç almaga mümkinçilik berýär.Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümi bolsa Iňlis dilini öwrenmek üçin goşmaça mümkinçilik!

“Makul Sözlükden” peýdalanmak üçin Google Plaý Marketden “Makul Sözlük” applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli sözlük – “Makul Sözlük”

Iňlis dilini has aňsat öwreneliň: Intellektual sahypamyz

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Täze Oýun: Makul Sözi Tap!

Irregular verbs ýa-da Nädogry Işlikler : Makul Sözlük

“Gepleýän” we “Eşidýän” ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

“Makul Puzzle” : Wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň!

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

Frazeologizmler/phrasal verbs ýa-da Durnukly söz düzümleri

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

Täze Chrome Browser goşundysy : Makul Sözlük

Täze Hyzmat: Makul Krosswordly Sözlük

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

 

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

 

Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle