BILIM

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

Iňlis dilini aňsat we gyzykly öwrenmäge mümkinçilik döredýän Makul Sözlük Platformy ýene bir hyzmaty ýola goýýar. Iňlis dilinde iň köp ulanylýan 200 sany Phrasal  verbs (frazalogizmler) ýagny Durnukly Söz düzümleri Iňlis we Türkmen dillerinde Size ýetirilýär. Bu Phrasel  verbs-ler şeýle hem sözlem içinde mysallar bilen her iki dilde hem düşündirilýär. Ýakynda Phrasel  verbs-leri Iňlis we Türkmen dillerindäki okalyşlary bilen www.makulsozluk.com saýtyna we Makul Sözlük Appliasiýasyna ýerleşdiriler. Bellemeli zat, Makul Sözlügiň bazasynda 16.000 söze golaý esasy Iňlis dilindäki söz bolup, bu Iňlis dilini örän ýokary derejede bilmek üçin  ýeterlik möçberdedir.

Phrasal  verbs (frazalogizmler) we  Durnukly Söz düzümler sahypamyz üçin şu ýere basyň!

Makul Sözlük Platforynda Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar. Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

 

Krossword bäsleşigiň ýeňijileri : Atavatan Krossword

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada türkmen milliliklerini tanyşdyrdy

Türkmen okuwçylary we talyplary 821 medal gazandy

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

“TechWomen” maksatnamasy