“Makul Puzzle” : Wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň!

Onlaýn oýun oýnamak käbir ýagdaýda wagtyňy biderek sarp etmek, esasan hem ýaşlary özlerini geljege taýýarlan wagtynda ösüş ýagdaýyna zyýan ýetirip biler. Emma  käbir onlaýn oýunlar  bolsa nerw dartgynlygyň öňüni alyp, adama rahat beriji täsirleri hem bardyr. Biziň pikrimizçe Makul Puzzle ine şeýle oýunlaryň biridir.




“Makul Puzzle” oýnunda bir şekil 25 bölege awtomatiki usulda bölünýär. Oýun oýnaýan bolsa şol bölekleri dogry ýerine goýanda utuş gazanýar. Bu bolsa, bir tarapdan adamyň ünsüni jemlese, beýleki tarapdan, nerw ulgamynyň dynç almagyna täsiri bar. “Makul Puzzle” şeýle hem, berilýän birnäçe surat parçajyklaryny birleşdirmek üçin beýniň has işjeň bolmagyna getirýär. Parçajyklary dogry ýerinde goýmak üçin, şekli bir bütün görnüşde beýinde janlandyrmak gerek, bu bolsa beýne oňyn täsir edýär.

Ýakynda “Atavatan Krosswordy” durmuşa geçiren döredijilik toparymyz, indi bolsa Size “Makul Puzzle” oýnuny hödürleýär. “Makul Puzzle” döredijilik toparymyz tarapyndan çekilen birnäçe suraty özünde jemleýär. Siz şu linke basmak bilen “Makul Puzzle” oýnuny oýnap bilersiňiz! Bu oýnyň aýratynlyklarynyň biri hem, Siz oýna başlan wagtyňyz sagat işläp başlaýar we näçe sekuntda Siziň dogry şekili doldurup bilýändigiňizi hasaplaýar. Oýunda şeýle hem, jemi Puzzle bölejik sany görkezilýär we Siz oýna başlanyňyzda dogry bölegiji ýerleşdirseňiz, olaryň sany aýratynlykda berilýär.

Tanyş boluň – “Atavatan Krossword!”

Ählimize 24 sagat deň berilýär. Esasy zat, şu berlen 24 sagady nädip peýdaly we şol bir wagtda gyzykly ulanmagymyz bilen baglydyr. Bu habaryň özeni, wagty netijeli ulanmagyň peýdasy barada paýhasly sözleri we täsirli pikirleri öňe sürmek däl-de, şol berlen 24 sagadyň içinde özüňize wagt aýryp, günüň dowamyndaky ýüzlerçe minudyň 20 minudyny netijeli ulanmak barada anyk teklip bilen Sizi tanyşdyrmak: Tanyş boluň – “Atavatan Krossword!”, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan Intellektual telekeçilik nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilen bu taslamamyz Siziň göwnüňize ýarar diýip umyt edýäris. Siz biziň saýtymyza şu ýerden  girip, her gün täzelenýän we ene dilimizdäki 15 soragy özünde jemleýän krosswordymyzy çözüp, wagtyňyzy örän netijeli we gowy geçirip bilersiňiz, mähriban okyjylarymyz.

Okap bilersiňiz  Aşgabatda Dewisiň Kubogy boýunça halkara tennis ýaryşy geçiriler

Dil baýlygyňyzy artdyryň: Makul Krosswordly Sözlük

Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000-den gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarladyk. “Makul Sözlügiň” ulanyjylary her gün irden täzelenýän we jemi 20 sany Türkmen dilindäki sözlerden ybarat bolan krosswordda şol sözleriň Iňlis dilinde terjimesini dogry we dürs ýazsa, krosswordy çözüp biler. Bu bolsa, her gün 20 sözüň öwrenilmegine ýardam berer. Eger, krosswordy çözýän pursatlaryňyzda, soralýan sözleriň haýsy-da bolsa biriniň Iňlis dilinde terjimesini bilmeseňiz, onda, şol sözüň üstüne basmak ýeterlik bolýar. Çünki “Makul Sözlük” dessine Size tapyp berýär.