TEHNOLOGIÝA

Täze Oýun: Makul Sözi Tap!

Iňlis dilini gyzykly öwrenmek üçin öz mümkinçiliklerini giňeldýän Makul Sözlük, ýene bir oýny hödürleýär: “Makul Sözi Tap”!

Makul Sözi Tap oýnamak üçin  şu ýere basyň !

Bu oýny aňsatlyk bilen tapmak üçin saýtymyzyň Intellektual sahypasyna giriň we ol ýerden islän bölümiňizi saýlaň!

“Makul Sözi Tap” oýnunda bir gutujykda birnäçe harp berilýär we gutujygyň gapdalynda 7 sany Iňlis dilindäki söz berilýär. Oýun oýnaýan bu 7 sözden haýsyda bolsa birini saýlaýar we gutujykdaky harplardan yzygiderlikde bu sözleri tapýar. Mysal üçin “across” sözüni saýlaýar we suratda görşümiz ýaly bu sözi ilki tapýar soňra “a” we “s” harplarynyň üstüne basýar. Jogap dogry bolsa, ol sözler awtomatiki usulda reňklenýär we gapdaldaky 7 sözden hem dogry jogaby tapylan sözüň üsti çyzylýar.  Bu oýnuň gyzykly tarapy bolsa, oýun oýnaýan şol sözüň üstüne basanda, gözlenýän sözüň Türkmen dilindäki terjimesini berýär. Bu bolsa oýnyň peýdaly tarapy!

Şeýlelikde, oýun oýnaýan wagtyny peýdaly we gyzykly geçirip her gün 7 söz öwrener we bir ýylda jemi 2555 sözi öwrener! Ýadyňyzda bolsa, “Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?” atly makalamyzda “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 2000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Diýmek, “Makul Sözi Tap” oýnuny oýnan okyjymyz, diňe 1 ýyl boýunça bu oýuny oýnamak bilen 1 ýylyň dowamynda “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin gerekli sözi özleşdirip biler!

Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

Eýsem “Makul Sözlügiň” nähili aýratynlygy bar:

  • Makul sözlük Jemi 15 müňden gowrak Iňlis we Türkmen dilinde sözi özünde jemleýär. Sözlügiň jemi söz bazasy 40.000 sözden ybarat!
  • Makul Sözlügi “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz we dünýäniň niresinde bolsaňyz hem, Makul Sözlük Siziň ýanyňyzda!
  • Ähli sözler sesli görnüşde hem berilýär.
  • Sözleri sesli “gözleg” mümkinçilikleri bar. Siz isleýän Iňlis dilindäki sözüňizi diňe bir ýazyp däl, eýsem sesli hem gözleg edip bilersiňiz!
  • Her gün täzelenýän “Makul Krossword” bilen Iňlis diliňizi has baýlaşdyryň we her gün 15 söz öwreniň!
  • Her gün 5 söz Applikasiýaňyza gelsin we söz baýlygyňyzy artdyryň!
  • “Makul Puzzle” Size gyzykly wagt geçirmek üçin goşmaça bölüm!
  • Jemi 700 sözlemi sesli we ýazmaça öwreniň, durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bilen Iňlis dilini öwreniň!
  • “Makul Sözlem” bölümini oýunly sözlem bölümi bilen bilelikde özleşdiriň we Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny öwreniň! “Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, Iňlis dilini orta derejede öwrenmek üçin bu bölüm Size ýeterlik bolar!
  • Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, “Makul Sözlük” size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer.
  • Çagalar üçin jemi 375 sözden ybarat Türkmen we Iňlis dillerindäki sözler suratlaryň üsti bilen gyzykly öwrenmek mümkinçiligi döredildi.
  • Suratly sözleri ýene bir bölüm- Oýunly sözlük bölümi bilen bilelikde ulanyň we  durmuşda iň köp ulanylýan sözleri  gyzykly özleşdiriň!
  • Suratly sözlemleriň üsti bilen 1080 sözi gyzykly öwreniň! Bu sözlemler çagalar üçin ýörite taýýarlanylan sözlemler bolup, aňsat we gurluşy ýönekeý sözlemlerdir.

Intellektual sahypamyz Siziň hyzmatyňyzda!

Intellektual Sahypamyz boýunça Bölümler aşakda berilýär we Siz gyzyklanýan bölümiňiz üçin şol bölümiň üstüne basyň!

Atavatan Krossword

Makul Puzzle

Makul Sözlem

Makul Krossword

Sözlemli oýun

Suratly Sözlük

Oýunly Sözlük

Makul Goşundy

Makul Sözi Tap

 

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

Ýene-de okaň

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler