TEHNOLOGIÝA

Türkmen Nakyllary Iňlis dilinde : “Makul Sözlük”

Nakyl – adamlaryň asyrlaryň dowamyndaky durmuş tejribesi esasynda dörän pähimdir. Nakyllara baý halklaryň biri türkmen halky hasaplanylýar. “Makul Sözlük” ata-babalarymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda döredilen nakyllary Iňlis diline terjime edip, dünýäniň halk köpçüligine ýetirýär. Nakyllary Türkmen we Iňlis dilinde okamak üçin şu ýere basyň!

Halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde nakyllara uly orun degişlidir.  Nakyllar köplenç ýagdaýda haýsy-da bolsa ony döreden millete degişli ýaly  bolsa hem, ol aslynda umumyadamzat gymmatlyga eýedir. “Makul Sözlügiň” döredijilik topary jemi 500- den gowrak türkmen nakyllaryny iňlis dilinde dünýäniň halk köpçüligine ýetirýär. Ata -babalarymyz tarapyndan dürli ugurlarda döredilen paýhasly jümleler halkymyzyň milli gymmatlyklary barada gyzyklanma bildirýän dünýäniň dürli künjeginden millionlarça okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek.

“Makul Sözlük”  Türkmen we Iňlis dilindäki nakyllary  jemi 14 toparda Size ýetirýär. Olar  Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda, agzybirlik hakynda, zähmet, hünär, kesp-kär hakynda, ata-ene, perzent, ogul-gyz hakynda, maşgala, är-aýal hakynda, adam we adamkärçiliki mertebeleri hakynda, dil,  söz hakynda, at-bedew hakynda, ýagşylyk-ýamanlyk barada, päk ahlaklylyk barada, edep-terbiýe, garyndaşlyk hakynda,  dostluk, ýoldaş, duşmançylyk barada we  ylym-bilim hakynda, adamyň saglygy hakynda ýaly ugurlary özünde jemleýän dürli nakyllardan ybaratdyr.  Türkmeniň  paýhas çeşmesine degişli biri-birinden gymmatly ýüzlerçe nakyllar  filosofiýa ylymlarynyň kandidaty  Amangeldi Baýgeldiýew tarapyndan saýlanyp alyndy, toparlara bölündi we  Iňlis diline  terjime edildi. Biz gymmatly wagtyny sarp edip şeýle ajaýyp taslamalary durmuşa geçirmek ulgamynda biziň bilen hyzmatdaşlyk edýän Amangeldi mugallyma uly minnetdarlyk bildirýäris.

Biz aşakda Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda  jemi 39 sany nakyly  Size ýetirýäris. Geljekde her bir bölümler boýunça  jemlenen nakyllary aýry-aýry habar görnüşinde Size ýetireris. Siz Türkmen dilinden Iňlis diline geçirilen Nakyllary www.makulsozluk.com saýtynyň Intellektual sahypasyndaky “Türkmen nakyllary” bölüminden okap bilersiňiz!

Hormatly okyjy!

Türkmen nakyllarynyň dünýä halk köpçüligine ýetirilmegi ulgamynda Siz hem goşant goşup bilersiňiz we bu habary öz jemgyýetçilik tory hasaplaryňyzda paýlaşyp bilersiňiz!

Bellemeli zat, biz ýene-de daşary ýurt dillerindäki  500-den gowrak nakyllary türkmen diline terjime edip, halklaryň arasyndaky medeni arabaglanyşygyň pugtalanmagyna kiçijik goşandymyzy goşmak isleýäris.

Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda Türkmen nakyllary

  1. Abadan kent tüssesinden belli. – Prosperious country is known by its quiet life.
  2. Adam adama myhman, jan – göwrä. – A person for a person is a guest, soul is temporarily in the body. There is nothing permanent in the world.
  3. Adam aýbyny ýer ýaşyr. – A grave will cover  a person’s shame.
  4. Adamlar ýaşaýan ýurduna hyýanat etmeli däldirler. – People who live in glass house should not throw stones. – (Aýna jaýda ýaşaýanlar jaýlaryna daş zyňmaly däldirler).
  5. Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz toý. – There is no mourning the loss of family and friends and feast without expressing offence.
  6. Adam garrasa-da, köňül garramaz. – A person gets old but his soul doesn’t.
  7. Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz. – If the country is prosperous, no one has worry.
  8. Atany söýen -Watany söýer. – He who loves his parents greatly loves his Motherland.
  9. Agaryp öňe düşme, garalyp yza-da alma. – Neither cut in at the beginning of the line nor stand out in the last line.
  10. Agaç ýokary bolsa miwesi aşak. – A high tree has a heavy fruit.
  11. Agzybirlik – döwletiň haztnasy, milletiň baş ýörelgesidir. – Unanimity is a state’s treasure, and nation’s valu
  12. Balygyň diriligi suw bilen, äriňki – il bilen. – Nation’s prosperity depends on self-sacrificing people, fish’s life is by water.
  13. Baş bolmasa, göwre läş. – A church without a leader is prey for the devil. .
  14. Bir agajyň kölegesine ýüz goýun sygar. – Shadow of a large tree covers a thousand ship.
  15. Gaýry ýurtda şa bolandan, öz ýurduňda geda bol. – Better to be beggarly than a well-to-do in a foreign country/land.
  16.  Göçen ýurduň gadryny, gonan ýurduňda bilersiň. – You will honour and respect your country when you move off it.
  17. Görküm bolanyndan berkim bolsun. – Better healthy than beauty.
  18. Guw köle, adam Watanyna [ymtylýar]. – A swan tends for a lake, a person tends to his Motherland.
  19. Dok başa döwlet. – People are well-fed – prosperity at home and peace abroad.
  20. Dok it ýurt saklar, aç it oba gezer. – The well-fed dog stands guard over the village, the hungry dog looks for a bone.
  21. Halk bar ýerinde gahryman hem bardyr. – Every nation as its heroes.
  22. Il aglak bolsa, doňuz depä çykar. – A shy cat makes a proud mouse.
  23. Il bilen gelen – toý-da, baýram. – You have to support what the majority of people do.
  24. Il bilen kesilen barmak awamaz. – Finger cut after consulting with people does not hurt.
  25. Iliň güýji-siliň güýji. – People is much more powerful than a high mountain torrent.
  26. Il oňlasa, atyňy soý. – If people appriciate, sacrifice your dearest horse.
  27. Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn. – If I have no my (native) people, I need no any life.
  28. Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm bolmasyn. – There is no happiness without companions.
  29. Iliň parasatly ýaşulysy bar bolsa, obada asudalyk hem abadançylyk höküm sürer. – When there is order in the nation, there will be peace in the world.
  30. Iş bitirseň il tanar. – If you distinguish yourself in labour – people appreciate
  31. Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol. – Better to be beggar in Kenya than a king in Egypt
  32. Towşana dogduk depe. – East or West home is best.
  33. Towşana dogduk depe. –  There is nо place like home.
  34. Uly gapylara uly gulp. – A great ship asks deep waters. Big ships sail in the sea.
  35. Watanyň tüssesiiliň odundan ýagşy. – Even the smoke of my country is much more pleasant than other counrties fire.
  36. . Watanyň we halkyň bähbidi şahsy bähbitden ýokardadyr. – Public before private and country before family. –
  37. Ýagşy ýigit il aýbyn açmaz. – A wise man will not reveal the secret of his nation.
  38. Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä. – He who departed from his beloved will be suffering for seven years, and he who is departed from his country will have lifelong suffering.
  39. Ýat iliň soltany bolýançaň, öz iliň çopany bol.- Better to a shepherd in your native land than a king in alien country.

 

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

 

Ýene-de okaň

Los-Anželes uniwersitetiniň talyplaryna emeli aňy öwrenmek mümkinçiligi döredilýär

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri