SIZDEN GELENLER

Kaýum Taňrygulyýew – türkmen edebiýatynyň görnükli wekili

Türkmen edebiýatyna uly goşant goşan, diňe bir çagalaryň däl, eýsem uly ýaşlylaryň hem söýgüsini gazanan Kaýum Taňrygulyýew 1930-njy ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda daýhan maşgalada  dünýä inýär. Ýaşlykda obasynda hat gatnadyjy bolup zähmet çekýär. 1955-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Kaýum Taňrygulyýew döredijilige ýaşlygyndan baş goşupdyr. Onuň «Altyn aşyk» atly ilkinji kitaby 1956-njy ýylda çapdan çykýar.

K.Taňrygulyýewiň 200-e golaý kitaby dünýäniň 45 dilinde umumy 30 milliondan gowrak nusgalykda çap edildi. Ol çagalar edebiýaty bilen baglanyşykly ylmy makalalaryň 1000-den gowragynyň, 6 sany monografiýanyň we okuw kitaplarynyň ençemesiniň awtory hasaplanýar. Onuň mekdep ýaşyndaky çagalar üçin kompozitor Weli Ahmedow bilen bilelikde taýýarlan aýdymlar ýygyndysy çapdan çykdy. Mundan başga-da türkmen halkyny daşary ýurt edebiýatynyň ägirtleri we olaryň döredijiligi bilen tanyş etmekde ýagny, çeper terjimede Kaýum Taňrygulyýew uly yz goýan şahyrdyr. Ol  daşary ýurtly ýazyjylaryň kitaplarynyň ençemesini türkmen diline terjime etdi. Olardan Ş.Rustaweliniň «Gaplaň derisine giren pälwan», P.Ýerşowyň «Küýküje taýçanak» ýaly eserlerini, S.Mihalkowyň, A.Bartonyň, J.Rodariniň, A.Bosenyň, Ýa.Akimyň, W.Bahrewskiniň goşgularyny mysal getirip bolar.

1956-njy ýylda ÝUNESKO-nyň çagalar we ýetginjekler edebiýaty boýunça halkara gaznasy tarapyndan Gans Hristian Andersen adyndaky halkara baýragy yglan edilýär. Bu baýrak iki ýyldan bir gezek Anderseniň doglan gününe gabatlanyp, ikinji aprelde gowşurylýar. Ilki-ilkiler baýrak çagalar edebiýaty boýunça uly işler bitiren, eserleri çagalaryň söýgüli ýankitabyna öwrülen ýazyjydyr-şahyrlara gowşurylan bolsa, soňlugy bilen bu ugurdaky suratçydyr-hudožniklere hem gowşurylyp başlandy. Türkmen edebiýatynda görnükli orun alan Kaýum Taňrygulyýew hem bu baýragyň we hormatly diplomyň türkmenistanly ýeke-täk eýesi hasaplanylýar. Şeýle ýokary derejedäki baýragyň türkmen şahyryna gowşurylmagy bir tarapdan türkmen edebiýatyny ýokary galdyrsa, beýleki tarapdan şahyryň adyny, onuň döredijiliginiň näderejede çuňňurdygyny äşgär edýär. Eserleri arkaly islendik çaganyň ýüregine girip, aňynda we kalbynda täsin dünýä gurup bilýändigini görkezýär.

G.H Andersen adyndaky halkara baýragyny dörediji hökmünde 1891-1970-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen dünýä çagalar edebiýatynda görnükli wekil hökmünde tanalýan Ýelle Lepmanyň ady agzalýar. Onuň iň ajaýyp sözleriniň biri hökmünde makalamyň şu ýerinde şeýle jümläni getirmegi makul bildim: “Biziň çagalarymyza kitap berseňiz, şol wagtyň özünde siz olara ganat hem berersiňiz”. ÝUNESKO-nyň çagalar we ýetginjekler edebiýaty boýunça halkara gaznasy tarapyndan öňe sürlen şeýle-de çagalar edebiýatynyň görnükli wekili Gans Hristian Andersene hormatyň we söýginiň nyşany hökmünde 1967-nji ýylyň 2-nji aprelinden bäri –– Çagalar kitaplarynyň halkara güni bellenip geçilýär.

K.Taňrygulyýew «Körpe» žurnalynyň ilkinji redaktory hasaplanýar. Ol bu wezipede 10 ýyl zähmet çekdi. Ol Russiýada, Çehiýada, Germaniýada, Mongoliýada, Ýaponiýada, Wengriýada, Mozambikde, Ispaniýada, Hindistanda we başga-da birnäçe döwletlerde çagalar edebiýatyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatlaryň ençemesine gatnaşdy. Onuň türkmen dilinde 30-a golaý, rus dilinde 30-a golaý, şeýle-de dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde 60-a golaý kitaby neşir edildi.

Olardan has ýörgünlileri hökmünde «Pilmahmyt», «Keşt edeliň ülkämize», «Goşa derek», «Altyn okara», «Ýartygulagyň, Şyrdagyň, Pilmahmydyň syýahatlary», «Süýji bolýar ekip iýseň» ýaly kitaplary mysal getirip bolar. K.Taňrygulyýew «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen ada mynasyp boldy, bilim ulgamynda zähmet çekip, ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim berdi. K.Taňrygulyýew filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi hasaplanýar.

Şeýle-de, 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» , 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 2016-njy ýylda (merhum) «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallaryň eýesi. 2020-nji ýylyň 10-njy maýynda K.Taňrygulyýewyň doglan gününe 90 ýyl boldy. Bu mynasybetli onuň doglan obasynda, bilim alan ojagynda dabaraly çäre guraldy. Oňa şahyryň nebereli, şägirtleri, oba adamlary uly höwes bilen gatnaşdylar.

…Süýji bolýar ekip iýseň,

Maňlaý deriň döküp iýseň…

-ýaly goşgy setirleri diňe çagalary däl, uly ýaşlylary hem zähmeti söýmäge çagyrýar. Kaýum Taňrygulyýewiň islendik goşgusyny alyp göreniňde watançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, zähmete, halal gazanja bolan söýgi eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolup, ýaşlygymyzda öwrenen goşgularymyz biziň aňymyzda müdimi ýaşar.

Halypa şahyrlarymyzy ýatlamaga, olaryň ajaýyp eserleri bilen giňişleýin tanyş bolmaga halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmaga döreden mümkinçilikleri üçin alym Arkadagymyza hoşallyk bildirýäris. Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Sona Halykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa