SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (24-30-nji iýul)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu hepde hamallar işlerinde hiç hili täze meýilnamalara başlamaly däl. Çünki siziň başlangyçlaryňyzyň kärdeşler we hyzmatdaşlar tarapyndan kabul edilmezligi ähtimal. Hepdaniň ikinji ýarymyda daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklarda kyn günler garaşýar. Gatnaşyklar, elbetde, has çylşyrymlaşar we örän möhüm meseleler boýunça ylalaşyk çözgütlerini gözlemegi talap eder. Sabyrlylygy we ahlaklylygy görkeziň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu hepde sowurlar wagtynda gutarmadyk iş sebäpli gaharlanmaly däldir. Ýöne täze işe hem başlamaň, ilki bilen bolan zatlara obýektiw baha beriň. Ýakynlaryňyzyň erkinligini çäklendirmezlige, olara hormat görkezmäge synanyşyň. Artykmaç gözegçilik dawa döredip biler. Dynç günleri, ünsli bolsaňyz, köp täze we gyzykly zatlar öwrenip bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar ähli güýç-kuwwaty, pikirleri we mümkinçilikleri bilen çemeleşseler, iň möhüm arzuwy amala aşyryp biler. Häzirki wagtda öň mümkin däl ýaly bolup görünýän üstünliklere ýollar açylar. Islendik ýagdaýda duýgulary dolandyrmaga synanyşyň, kararlar akylly we adalatly bolmaly. Dynç günleri dynç almak we aragatnaşyk gerek.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar tutuş bir hepdäniň dowamynda maşgala meselelerine siňer. Olaryň köpüsi bu döwürde saglygy barada has seresap bolmalydyr. Iýmit rasionyňyza üns beriň. Aşgazan bilen baglanyşykly kynçylyklar ähtimal.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu hepde esetler öň äsgermedik hakykatyna ýakynlaşyp, durmuşyň manysy barada pikir ederler. Bu hepdäniň umumy atmosferasy optimizmi we döredijiligi ýokarlandyrýar, özüňize bolan ynamy dikeldýär. Hünär derejesini ýokarlandyrmak we maliýe ýagdaýyny berkitmek üçin siziň öňüňizde giň mümkinçilikle açylýar. Işjeň boluň we şu ýagdaýda üstünlik gazanarsyňyz. Ýaşuly garyndaşlaryňyz bilen gatnaşyklar gowulaşar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler şu hepde belli bir maksada ýetmek we diňe töweregindäkiler bilen däl, eýsem özleri bilen hem ylalaşyk gazanmak üçin köp tagalla etmeli bolar. Söýgi gatnaşyklaryňyz içgysgynç bolsa, ony janlandyrmaga synanyşyň, oňa romantika goşuň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Hepdäniň başynda mizanlar täze işe baş goşup biler. Ýöne ol gatybir möhüm zat bolmaz. Geň galdyryjy açyşlar, täze tanyşlar, ajaýyp adamlar bilen duşuşyklar we garaşylmadyk wakalar size şowlulyk getirer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu hepdäni akraplara dynç almak we energiýa çeşmesini doldurmak üçin sarp etmek maslahat berýär. Söwda edeniňizde seresap boluň, aldanmagyňyz mümkin ýa-da puluňyzy gerekmejek zada sarp edip bilersiňiz. Mümkin boldugyça açyk howada gezelenç ediň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar şu hepde şahsy zatlaryny her kimden gizlär. Işde we okuwda ýiti pikirleniş ukybyňyz bolar. Siz her bir meselede standart däl çözgütleri taparsyňyz we hemme zady çalt ýerine ýetirersiňiz. Size bu hepde ajaýyp iş teklipleri gelip biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Hepdäniň başynda jediler erbet endiklerden aýgytly dynmak üçin oňat mümkinçilik alar. Hepdäniň ortalarynda uzak syýahatlardan we tanyşlardan saklanyň: siz aldanyp ýa-da ýalňyş hereket edip bilersiňiz. Hepdäniň ahyrynda ýeke galmajak boluň we mümkin boldugyça islendik stresden gaça duruň, saglygyňyza üns beriň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Höweslendiriş güýji taslamalaryňyzy öňe sürmekde iň uly artykmaçlyk bolar. Kärdeşleriň maslahatyny ýatdan çykarmaň. Bedeniňize üns beriň, sport bilen meşgullanyň. Özüňizi biynjalyk etmäň, dynç alyň. Maşgalaňyz we ýakyn adamlaryňyz elmydama kömege geler we zerur bolsa höweslendirer. Okara kynçylyklaryňyz barada aýdyň, maslahatlary diňläň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlarda döredijilikli pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bu hepde diýseň amatly bolar. Işleriňize ýolbaşçylar tarapyndan ýokary baha berler. Işiňizde has ýokary wezipelere geçip bilersiňiz. Häzir iň geň pikirler hem durmuşa geçiriler, ähli problemalary barmagyň basylmagy bilen düzedip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri