SIZDEN GELENLER

Halkara terjimeçileriň güni

Halkara terjimeçileriň güni-dilden we ýazuw arkaly terjime edýän terjimeçileriň hünär baýramçylygy hasaplanylýar. Bu halkara güni her ýylyň 30-njy sentýabrynda bellenip geçilýär. Onuň bu senede bellenilmeginiň sebäbini 419-420-nji ýyllarda Injili latyn diline doly terjime eden Iýeronima Stridonskiniň aradan çykan senesi bilen baglanyşdyrýarlar. Halkara terjimeçileriň güni 30-njy sentýabr hökmünde 1991-nji ýylda Terjimeçileriň halkara federasiýasy (FIT) tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.

2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda guramanyň agza döwletleri tarapyndan Halkara terjimeçileriň güni barada Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýada dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmaklykda terjimeçiligiň we terjimeçileriň ornunyň uludygy nygtalýar. Bu halkara güni her ýyl özboluşly şygar astynda geçirilýär. Olara aýratynlykda seredip geçsek:

2004-nji ýylda: “Terjime-köpdilli we dürli öwüşginli medeniýetiň esasydyr”;

2005-nji ýylda: “Terjimeçiniň hünäriniň we jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi”;

2006-njy ýylda: “Köp dil-bir hünär”;

2007-nji ýylda: “Habary atma”;

2008-nji ýylda: “Terminologiýa-sözüň manysy”;

2009-njy ýylda: “Bilelikde işleýäris”;

2010-njy ýylda: “Köpsesli dünýäde hiliň standarty”;

2011-nji ýylda: “Medeniýetleriň arasynda köpri gurmak”;

2012-nji ýylda: “Terjime medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşyk hökmünde”;

2013-nji ýylda: “Bitewi dünýä-lingiwistik päsgelçiliklerden daşarydyr”;

2014-nji ýylda: “Dile bolan hukuk-ähli adam hukularynyň özenidir”;

2015-nji ýylda: “Dilden we ýazuw üsti bilen edilýän terjimeleriň üýtgemegi”;

2016-njy ýylda: “Dilden we ýazuw arkaly terjime jemgyýetleri birleşdirýär”;

2017-nji ýylda: “ Terjime we köpdürlilik”;

2018-nji ýylda: “Terjime-ösüş döwründe medeni mirasyň ösmegine ýardam bermek” –ýaly şygarlary görkezmek bolar.

 

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa