TEHNOLOGIÝA

Zenanlar üçin ýylyň iň gowy awtoulagy

Ýaňy-ýakynda “Zenanlar üçin ýylyň iň gowy awtoulagy” bäsleşigi geçirildi. Bu barada “Carscoops” awtoulag habar gullugy habar berýär. Geçirilen bäsleşikde “Land Rover Defender” awtoulagy ýeňiji bolupdyr. Eminler 38 ýurtda awtoulag pudagynyň habarlar gullugynda zähmet çekýän 50 sany zenanlar eminlik edipdirler. Täze “Land Rover Defender” awtoulagy, owadanlygy, işleýşi, howpsuzlygy we amatlylygy üçin eminler tarapyndan ýokary baha berilipdir. Şeýle hem “Zenanlar üçin ýylyň iň gowy awtoulagy” bäsleşigine “Peugeot 208, Şkoda Oktawia, Lexus LC500 Cabrio, Ferrari F8 Spider, Peugeot 2008, Kia Sorento, Ford F-150 we Honda e” ýaly awtoulaglar dalaşgärlik görkezilipdir. Şeýle hem “Land Rover” kompaniýasy 2024-nji ýylda ilkinji elektro awtoulagyny hödürlär.

Land Rover Defender” awtoulagy hakynda…

Bu awtoulag 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda satuwa çykaryldy. Şeýle hem awtoulag alýumin platformasynda gurulan. Içki salonynda sanly dolandyryş paneli ýerleşdirilipdir, nawigasiýa we elektron modullary 5G ykjam aragatnaşygyň kömegi bilen täzelenip durlar. Onuň hereketlendirijisi 122 at güýjünden ybarat bolup durýar.

 

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler