TEHNOLOGIÝA

Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Makul Sözlük ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Nakyllary Iňlis diline terjime edip dünýä halk köpçüligine ýetirmäge başlady. Biz Size  öň Watan, il-halk, ýolbaşçy hakynda nakyllary  we Agzybirlik baradaky nakyllary Iňlis dilinde ýetirdik. Indi bolsa Size Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllary Iňlis dilinde ýetirýäris. Siz bu nakyllary www.makulsozluk.com saýtynyň “Türkmen Nakyllar”  bölüminden şu ýere basyp doly okap bilersiňiz!

  1. Abraý aljak bolsaň, artyk işle. – If you want to be respected, labour hard.
  2. Adalatly adam päk zähmeti bilen hiç wagt baýap bilmez. – The surest way to remain poor is to be an honest man.
  3. Adam bagtyny gözlemez, rysgalyň özi adamy tapar. – A man does not seek his luck, luck itself finds the man.
  4. Agtaran tapar. – He who searches, finds
  5. Agzy açyk, aç ölmez. – An open mouth remains not hungry.
  6. Alma biş, agzyma düş.- Pear, get ripe and fall right into my mouth.
  7. Aty çeşmä getirip bilersiň, emma zor edip ony suwa ýakyp bilmersiň. Hemme zady güýç bilen edip ýa alyp bilmersiň. A man may lead a horse to the water, but he cannot make him drink.
  8. Az-az işleseň ussa bolarsyň, işlemeseň – hassa. – Work little by little – you learn a trade, if don’t work you’ll  be a sick one.
  9. Azapsyz iş oňdurmaz. – A cat in gloves catches no mice.
  10. Bagtyň ýa çüwer ýa çüwmez, ýöne bagtyň açary zähmetdedir. – A great fortune depends on luck, a small one on diligence.
  11. Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar – A person can gain his daily bread by working, if doesn’t – he lacks it.
  12. Başdan işiň esasy ýerinden ýapyşmak – Take the bull by the horns.
  13. Baýlygyň enesi ýer, atasy – zähmet. – Fertile soil is mother of wealth, while labour is its father.
  14. Bikäriň elinde oňat gural bolmaz. – A bad workman never finds a good tool.
  15. Bikäriň guraly kütek. – A bad workman quarrels with his tools.
  16. Bir işi gaty ýaramaz ýerinne ýetirmek; işi harsal etmek. – To make a pig’s ear of smth. / out of smth.
  17. Birsydyrgyn işler adamy irizýär.- Butter to butter is no relish.
  18. Çagalaryna zähmetsöýerligi öwredýän adam, olara iň gymmatly miras galdyrýandyr. – A man who gives his children habits of industry provides for them better than by giving them a fortune.
  19. Çekseň zähmet, ýagar rehnet. – Labour hard and you’ll enjoy its pleasure.
  20. Düýnki güni gözlemek. (Bolmajak zat bilen meşgullanmak) – Go on a wild-goose chase.
  21. Göwünsiz başlanan iş şowsuz tamamlanýar. Kynlyk bilen başlanan iş şowsuzlygyň girewidir. – A bad beginning makes a bad ending.
  22. Ekeniňi orarsyň. -Chickens come home to roost.
  23. Eňek bermezlik – It’s a case of diamond cut diamond; he’s met his match this time.
  24. Erkek adam rysgalynyň atylan ýerden iýer. – A son eats his bread where it can be earned.
  25. Ädikçiniň ädigi bitmez. – A cobbler is (always) without shoes.
  26. Ätiýaçlyk – howpsuzlygyň girewidir. – Caution is the parent of safety.
  27. Galan işe gar ýagar. – Unfinished work will stay under snow.
  28. Gowy başlanan iş – üstünligiň girewidir. – A good beginning is half the battle.
  29. Gowy edilen iş oňat sylaga mynasypdyr. Hyzmatyňa görä hormat bolmaly. – A good cat deserves a good rat.
  30. Halal zähmetiň ahlagy päk. Honest labour bears a lovely fac .
  31. Herekete –bereket. – Make your first step and keep on – and you’ll reach your aim.
  32. Hiç wagt ýaşyňyzy sanamaň, goý, ýaşyňyz siziň bitiren işleriňizi sanasyn. – Don’t just count your years, make your years
  33. Höwes bar-da ukyp ýok. – God sends a cussed cow short horns, cussed cows have cut horns.
  34. Hünärli ýigitmiweli agaç. – A peson with a trade is like a fruit tree
  35. Hünärli ýigit hor bolmaz. – Well-skilled [man] always finds his occupation in life.
  36. Hünäri öwren-de, ýigren. – Learn different skills and use them in life.
  37. Hünärsiz öz ardyny ýapmaz Hünärsiz asylzadalyk lüt gedaýdan-da erbetdir. – Gentility without ability is worse than plain beggary.
  38. Hyzmatyňa görä hormat bolmaly. – A good cat deserves a good rat.
  39. Ir turan, isinden dynar. Ir turanyň rysgalyny Hudaý ýetir. – An early riser is sure to be in luck.
  40. Iş bitirmän, boş söz berýän adam, howluda biten haşal ot mysalydyr. – A man of words and not of deeds is like a garden full of weeds.
  41. Işi bitirmejek adam müň gep (bahana) tapar. – A bad cause requires many words.
  42. Işiň tamamlanmagyny iň soňky pursadyna çenli çekmek – Drive it to the last minute.
  43. Işiň abyny-tabyny ele almak; öz käriň ussady bolmak.Cut one’s teeth on.
  44. Işiň gitjek ýeri bolmaz, garaşar. – The work isn’t going anywhere.
  45. Iş-işden geçensoň çuslanmak. Soňky tüýkülik sakgal ezmez. – A fish gets smart after it has gotten into the net.
  46. Işlemedik-dişlemez. – He who does not work, neither shall he eat.
  47. Işlemedik hassa bolar. – By doing nothing we learn to do ill.
  48. Işsizlik ýa gedaýçylyga elter, ýa ogurlyga. – A loafer will become either a beggar or a thief.
  49. Işýakmaz iýende, çörek aglarmyş. – A loaf of bread cries when a loafer eats it.
  50. Jüýjäni güýz sanaşarlar. – Don’t count your chickens before they are hatched.
  51. Kämil öwrenilmedik hünär – özüňe ýagy. – A trade not properly learned is an enemy.
  52. Mal bir günlük, hünär ýüz ýyllyk. – If you have cattle, it is temporarily, but if you have a profession it is forever.
  53. Maslahatlaşylyp biçilen don gysga bolmaz. – Many wits (heads) are better than one.
  54. Maslahatly biçilen don gysga bolmaz. -Two heads are better than one.
  55. Oňat başlanan iş – üstünligiň girewidir.A good beginning makes

a good ending.

  1. Oňat başlangyç – oňat netije. – It is the first step that costs.
  2. Oňat başlanan iş – üstünligiň girewidir. Well began half done.
  3. Oňat edilen iş oňat sylaga mynasypdyr. A good dog deserves a good bone.
  4. Saýany ekmedik—salkynda ýatmaz. He who doesn’t plant a tree will not rest under it.
  5. Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter. – An apprentice who will not excel his master at his trade, the profession disappears.
  6. Täzeçilikleri ulanmaýan adama diňe täze şowsuzlyklara duçar bolmak garaşýar. – He that will not apply new remedies must expect new evils.
  7. Üstünligiň agramly bölegini yhlasly zähmet we galan birji göterimini zehin düzýändir. – Genius is one percent inspiration, 99 per cent perspiration.
  8. Ýaltanan ýal tapmaz. – A lazy one is always hungry.
  9. Ýaşlykda emgenmedik, garrylykda baýnamaz. Ulalanda iş hoş ýakmaz, ýaşlykdan köýmeýen ýigide. – A lazy youth, a lousy age.
  10. Ýatan çöpi galdyrmazlyk. – Not do a stitch (a stroke) of work.
  11. Ýatan öküze iým ýok. –A lazy bone bull shall not have
  12. Zähmet adamy adam edýär we taplaýar. Business makes a man as well as tries him.
  13. Zähmet – durmuşyň özeni.- Business is the salt of life.
  14. Zähmetsöýerlik – adamyň bagtynyň kepilidir.- A great fortune depends on luck, a small one on diligence.

Agzybirlik hakynda Nakyllar Iňlis dilinde

Türkmen Nakyllary Iňlis dilinde : “Makul Sözlük”

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri