SIZDEN GELENLER

Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw

Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýen sözlerinden ugur alnyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda bazar gatnaşyklarynyň esasyny düzýän hususy pudakda netijeli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi goldamak babatda döredýän şert-mümkinçilikleri, hususyýetçilere berýän goldaw-hemaýatlary ajaýyp miwelerini berýär. Şeýle şertlerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgatlary, täze üstünlikler bilen barýarlar.

Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «Ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren ajaýyp başlangyçlary bagtyýar ýaşlarymyzy buýsandyrdy.

Umuman, döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda telekeçilik işini goldamaga, olaryň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda kabul edilen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda telekeçiligiň oňyn ösüşini höweslendirmek boýunça çäreleriň we gurallaryň giň toplumyny öz içine alýan döwlet goldawynyň berilýändigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu goldaw Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, hususan-da, «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Sapartäç Amangulyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz senagaty – binýatlyk pudak

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Ata Watan Eserleri

Saglyk — başymyzyň täji

Ýaş nesilleriň saglygy – ýurduň baýlygy

Ata Watan Eserleri

Zähmet – bagtyň çeşmesidir

Jon Keho: şatlanmaklyk- Islendik zady edip biler

Ata Watan Eserleri